Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Ýaş nesillere gymmatly sowgat
    Ýaş nesillere gymmatly sowgat surady
    29/03/2024

    1104

    Ýaş nesillere gymmatly sowgat

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine we baýlaşmagyna uly goşant goşan ata-babalarymyzyň nesillerimize miras goýan, taryhyň gadymy döwürlerinden gözbaş alýan bu ajaýyp türkmen topragy ösüşlerden-ösüşlere beslenýär. Bu ugurda halkymyzyň şöhratly taryhy, döreden nusgalyk maddy hem ruhy gymmatlyklary, ýol-ýörelgeleri şu günki nesiller üçin ruhlandyryjy güýç we watançylygyň kämil nusgasy bolup durýar. Hususan-da, bize miras galan türkmen topragy özüniň taryhy ýadygärliklere baýlygy, öz gözbaşyny gadymy eýýamlardan alyp gaýdýan ösen siwilizasiýalaryň mekanydygy bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Munuň diňe milli derejede däl, eýsem, halkara jemgyýetçiliginde hem şeýledigi şübhesiz hakykatdyr. Türkmen topragynda müňlerçe ýyllar ozal kemala gelen — dünýäniň iň gadymy medeniýetleriniň biri bolan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem muňa doly şaýatlyk edýär. Bu taryhy mirasy we gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmek her bir adamyň mukaddes borjy bolup durýar.
    Asyrlaryň jümmüşinde bolup geçen ajaýyp taryhy wakalaryň beýany ýazuw çeşmelerinde, medeni gymmatlyklarda hem-de halk hakydasynda jemlenip, nesilleriň ruhy dünýäsinde özleriniň mynasyp ornuny tapýandygy şübhesizdir. Bu nusgalyk ýolda halkyň ruhy medeniýetiniň gözbaşy bolup ajaýyp eserlerdir kitaplar möhüm orun eýeleýär. Kitaplaryň ynsan durmuşyndaky ähmiýeti barada Gahryman Arkadagymyz şeýle belläp geçýär: «Kitap ynsanyň köňül nagşydyr, ol durmuşy açyp görkezýän aýnadyr. Özünde ähli durmuş gymmatlyklaryny jemleýän kitap halkyň ruhy baýlygy, aň hazynasydyr». Ynha, şanly wakalara beslenýän 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi aýratyn taryhy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan dörän bu ajaýyp eserde gadymy türkmen topragynda kemala gelen, özüniň ösüşleri bilen dünýä arheologiýasynda mynasyp orun eýelän Änew medeniýetiniň kemala gelşi we onuň taryhy ösüş ýoly barada has giňişleýin görnüşde beýan edilýär.
    Bu gymmatly eserinde hormatly Prezidentimiz şeýle belläp geçýär: «Bu kitaby ýazmakdan maksadym, türkmen we daşary ýurtly okyjylarymy ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalarynyň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr». Hakykatdan-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna sowgat eden bu ajaýyp eseri nesillere türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleri, medeni we ruhy däpleri barada giňişleýin tanyşmaklaryna uly mümkinçilik döredýär. Bu bolsa ýaş nesillerde ata Watanymyza söýgi döretmäge we nusgalyk watançylyk, wepalylyk, ýokary ahlaklylyk ýaly oňat gylyk-häsiýetleri kemala getirmäge uly ýardam etjekdigi ikuçsyzdyr.

    Hojamyrat BAÝLYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI