Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / ÝAŞ MATEMATIKLERIŇ HALKARA DEREJEDÄKI ÜSTÜNLIKLERI
    ÝAŞ MATEMATIKLERIŇ HALKARA DEREJEDÄKI ÜSTÜNLIKLERI
    ÝAŞ MATEMATIKLERIŇ HALKARA DEREJEDÄKI ÜSTÜNLIKLERI
    ÝAŞ MATEMATIKLERIŇ HALKARA DEREJEDÄKI ÜSTÜNLIKLERI
    06/12/2024

    789

    ÝAŞ MATEMATIKLERIŇ HALKARA DEREJEDÄKI ÜSTÜNLIKLERI

    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy maksady ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, watansöýüji ýaşlary ýetişdirmekden, olary ähtlitaraplaýyn goldamakdan ybaratdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlar özleri hakynda edilýän ägirt uly aladalara jogap edip, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlaryny tüýs ýürekden goldap, halal zähmetleridir, ukyp-başarnyklary bilen ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşýarlar.
    Ýakynda, has takygy Russiýa Fededrasiýasynyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostlugy uniwersitetinde 26-njy noýabr we 2-nji dekabr aralygynda Moskwa şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen matematika dersinden «RUDN MATH OLYMP» olimpiadasyna dünýäniň 13 döwletinden 35 sany ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Şol sanda, Türkmenistanyň 8 sany ýokary okuw mekdebinden 19 talyp bu ýokary derejedäki olimpiada gatnaşmaga hukuk gazandy. Şolaryň hatarynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Gaplaň Esenamanowyň ýolbaşçylygynda iki talypdan ybarat topar gatnaşdy. Halkara bäsleşigiň netijeleri boýunça Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Goçmyrat Penjiýew hem-de Bägül Hudaýberdiýewa III orna mynasyp boldular. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, şahsy we toparlaýyn tapgyrlarda geçirildi. Russiýanyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçiliklerini, rus milli däplerini hem-de olaryň özboluşlylygyny tanyşdyrmak maksady bilen gurnalan gezelençler bäsleşige gatnaşyjy daşary ýurtly talyplar üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndaky deň-duşlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
    Halkara derejede uly sylaga mynasyp bolan talyp ýaşlar halypalaryň şägirtlerine siňdiren yhlasynyň netijesidir.
    Ýaşlara uly ynam bildirýän, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna uly mümkinçilik döreden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun. Ýaş metamikleriň üstünlikleriniň gadamlary batly bolsun!

    Mährijemal MÄMEDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI