30/11/-0001
837
Ýaş ilçileriň geçiren okuw sapagy
2021-nji ýylyň 3-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň 2-nji orta mekdebinde Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi. Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan gurnalan okuw sapagyna Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri, şeýle hem bu mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar.
Ýaş ilçiler tarapyndan alnyp barlan sapagyň barşynda Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sine hem aýratyn üns berildi. Okuw sapagynyň dowamynda bu maksatlaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezildi.
Hususan-da, sapakda ýaş ilçiler adamzadyň ýagty gelejeginiň hatyrasyna Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň aýratyn möhüm ähmiýetlidigini nygtadylar. Sapagyň dowamynda bu ugur boýunça ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ägirt uly işler dogrusynda anyk mysallar arkaly giňişleýin gürrüň edildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Gapbar HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy