21/08/2023
897
Ýaş halkaraçylar — Watanymyzyň geljegi
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty bütin dünýäniň ýüzünde giňden rowaçlanýar. Çünki ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenine halkymyzyň beýik ynsanperwer ýörelgeleri siňendir. Ata Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde, halkara gatnaşyklarynda milli bähbitlerini goramakda türkmen diplomatlary tutanýerli zähmet çekýärler. Ýeri gelende belläp geçsek, 18-nji fewralda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni uludan bellenilip geçilýär.
Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda talyplar we okuwçylar bilen geçiren okuw sapagynyň dowamynda şeýle belläpdi: «Gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde, dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyz döredi». Hakykatdan hem, Türkmenistan bu günki gün sözüň doly manysynda parlak ýyldyza öwrülip, özüniň parahatsöýüjilikli başlangyçlaryny dünýä ýüzüne şöhle kimin ýaýýar. Bu asylly maksady amal etmekde türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň mynasyp orny bar. Çünki bu ojakda Gahryman Arkadagymyzyň parahatsöýüjilik taglymatyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmeli halkaraçy hünärmenler — geljekki türkmen diplomatlary taýýarlanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binalar toplumynyň açylyş dabarasynda eden taryhy çykyşynda wesýet edişi ýaly, halkara parahatçylygyny, dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hatyrasyna öz ýurdumyza hyzmat etmek biziň borjumyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň bu wesýeti halkaraçy talyplar, hünärmenler üçin ýol görkeziji şamçyrag bolup, olaryň okuwynyň we işiniň esasy many-mazmunyny düzýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky «Ýaş diplomatlaryň mekdebi» häzirki wagtda mekdep okuwçylarynyň arasyndan diplomatiýa hünärine höwesli ýaş zehinleri ýüze çykarmakda netijeli işleri alyp barýar. Munuň şeýledigine «Ýaş diplomatlaryň mekdebi» tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi aýdyň şaýatlyk edýär. Her bir oýunda ýeňijä niýetlenen Oguz hanyň ok-ýaýyna tarap menzillerde öz ukyp-başarnyklaryny şöhratly taryhymyza we ata-babalarymyzyň ýöreden parahatsöýüjilikli syýasatyna degişli sowallar arkaly synagdan geçen okuwçylar özara bäsleşmek bilen bir hatarda, dünýägaraýyşlaryny has-da giňeldýärler. Bu akyl-paýhas bäsleşigine taýýarlanmakda mekdep okuwçylary üçin Gahryman Arkadagymyzyň kämil eserleri gymmatly gollanma bolup durýar. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 1-nji möwsümine gatnaşan ýaş çaparlaryň birnäçesi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bagtyýar talyby boldular.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyz we dünýä ähmiýetli asylly tutumlary bu günki günde Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowamat dowam tapýar. Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda: «Häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar» diýip belläp geçdi. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, her bir döwletiň beýikligi onuň ýetişdirip, öňe çykaryp bilen nesilleri bilen kesgitlenýär.
2023-nji ýylyň ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly», halkara derejede bolsa «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplaryny has-da yhlasly okamaga, döwletimiziň parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan daşary syýasatyny dünýä ýüzünde dabaralandyrjak kämil diplomatlar bolup ýetişmäge ruhlandyrýar. Eziz Diýarymyzda ýaşlara, dünýäde diplomatiýanyň esasy guraly bolan dialoga bagyşlanan 2023-nji ýyl ýaş diplomatlary ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, tutuş dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegi üçin Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan il bähbitli, adamzat ähmiýetli tutumlara mynasyp goşant goşmaga borçlandyrýar.
Goý, türkmen ýaşlary üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Mähriban GANDYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
“Güneş” žurnaly 02-2023