945
Ýaş çaparlar bäş menzillik ýol aşdy
2022-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 5-nji oýny geçirildi. Bäsleşigiň nobatdaky oýny «Horezmşalar döwletiniň daşary syýasaty we diplomatik däpleri» atly mowzuga bagyşlandy. Bäsleşigiň bu tapgyrynyň taýýarlygy döwründe, ýagny 21-nji fewralda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 5-nji oýnuna gatnaşyjylar bilen umumy okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym-kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty Kakajan Janbekow okuwçylaryň öňünde «Horezmşalar döwletiniň daşary syýasaty we diplomatik däpleri» atly tema boýunça çykyş edip, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Horezmşalar döwleti barada giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da 9-njy martda bäsleşige gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyna gezelenç guraldy. Gezelenjiň dowamynda okuwçylar şöhratly geçmişimize gaýybana syýahat etdiler.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 5-nji oýnuna Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçylary Ataýew Bezirgen, Ataýew Annamuhammet, şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Aşyrow Meýlis, Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Öwezowa Arazjemal, Çaryýewa Akhumaý, Öwezgylyjow Kadyrmyrat, şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ýaýlymowa Jahan hem-de Aşgabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Hudaýnazarow Allanur dagy gatnaşdylar.
Bu bäsleşige «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurberdi Amanmyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty Kakajan Janbekow hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Ata Nuryýew dagylar adalatly eminlik etdiler. Akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 5-nji oýny institutymyzyň okuw binasynyň eýwanynda bäsleşik üçin ýörite guralan «Türkmeniň ak öýünde» geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda ýurdumyzyň teatrlarynyň ussat artistleriniň Horezmşalar döwletine degişli taryhy pursatlary sahnalaşdyrmaklary aýratyn täsirli boldy.
Gyzgalaňly geçen akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 5-nji oýnunyň jemleri boýunça Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Öwezowa Arazjemal hem-de Öwezgylyjow Kadyrmyrat ýeňijiler diýip yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de beýleki hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanan gymmatbahaly sowgatlar, institutymyzyň degişli şahadatnamalary we Hormat hatlary gowşuryldy.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 5-nji oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy hem-de «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 5-nji oýny «Miras» teleýaýlymy bilen TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Oňa ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.
Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
01/06/2024
ÝAŞ ÇAPAR