12/02/2025
763
ÝAŞ ALYMLARYŇ YLMY BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşigiň institut tapgyry geçirildi. Oňa institutyň ýaş mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Olar özleriniň ýazan ylmy işleri bilen çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda tejribeli hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlaryň döredijilik ukybyny ýüze çykarmak, hemmetaraplaýyn ösen, öňdebaryjy nesli terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Bu babatda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz “Bilim we ylym ulgamlarynda utgaşykly alyp barýan düýpli özgertmelerimiziň netijesinde, ylma hem-de döredijilige höwesli ýaşlarymyzyň täze nesli kemala geldi. Ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudagara we pudaklaýyn ylmy edaralarda sazlaşykly ýola goýlan işler, gazanylýan üstünlikler munuň aýdyň mysalydyr” diýip belleýär. Ýaş alymlaryň ylmy bäsleşigi hem ýurdumyzyň ylmyna öz goşandyny goşjak ýaş zehinleri ýüze çykarmakda uly orun eýeleýär. Mugallymlaryň we talyplaryň hödürlän ylmy işleri wajyplygy, derwaýyslygy, täzeçilligi esasynda institutyň halypa mugallymlary we alymlar geňeşiniň agzalary tarapyndan seljerildi. Döwlet derejesinde her ýylda geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigi hut şu asylly maksatlaryň amala aşmagyny şertlendirýän we ol zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir.
Gurbangeldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler

22/02/2025
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
15/02/2025
Dabaraly maslahat geçirildi