12/02/2024
756
ÝAŞ ALYMLARYŇ YLMY BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan geçirilýän ýaş alymlaryň ylmy bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi. Oňa institutyň ýaş mugallymlary we ähli hünärleri boýunça talyplary gatnaşdylar. Olar özleriniň ýazan ylmy işleri bilen ýokary okuw mekdebimiziň proffessor-mugallymlaryndan düzülen toparyň öňünde çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda tejribeli hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlaryň döredijilik ukybyny ýüze çykarmak, hemmetaraplaýyn ösen, öňdebaryjy nesli terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz “Bilim we ylym ulgamlarynda utgaşykly alyp barýan düýpli özgertmelerimiziň netijesinde, ylma hem-de döredijilige höwesli ýaşlarymyzyň täze nesli kemala geldi. Ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudagara we pudaklaýyn ylmy edaralarda sazlaşykly ýola goýlan işler, gazanylýan üstünlikler munuň aýdyň mysalydyr” diýip belleýär. Bu ylym-bilim düzümleri ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň ylmy bähbitlerini hem-de başlangyçlaryny höweslendirmäge, olary ilerletmäge we durmuşa geçirmäge ýardam bermäge, halkara forumlara hem-de duşuşyklara, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşmaga we ýaşlary bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Şonuň üçin ýaş alymlaryň ylmy bäsleşigi hem ýurdumyzyň ylmyna öz goşandyny goşjak ýaş zehinleri ýüze çykarmakda uly orun eýeleýär. Institutyň halypa mugallymlarynyň we alymlar geňeşiniň agzalary mugallymlaryň we talyplaryň hödürlän ylmy işleriniň wajyplygy, derwaýyslygy täzeçilligi esasynda seljerildi. Döwlet derejesinde her ýylda geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigi hut şu asylly maksatlaryň amala aşmagyny şertlendirýän we ol zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir. Bize şular ýaly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýtýaryn!
Ogulsuraý GURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
12/06/2024
Yhlasa myrat…12/06/2024
ÝÜREKLERDE GAHRYMANA ALKYŞ BAR