Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Ýaş alymlar geňeşi / Ýaş alymlaryň ylmy bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi
    Ýaş alymlaryň ylmy bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi surady
    20/01/2022

    1033

    Ýaş alymlaryň ylmy bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi

    Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda tejribeli hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlaryň döredijilik ukybyny ýüze çykarmak, hemmetaraplaýyn ösen, öňdebaryjy nesli terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz “Bilim we ylym ulgamlarynda utgaşykly alyp barýan düýpli özgertmelerimiziň netijesinde, ylma hem-de döredijilige höwesli ýaşlarymyzyň täze nesli kemala geldi. Ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudagara we pudaklaýyn ylmy edaralarda sazlaşykly ýola goýlan işler, gazanylýan üstünlikler munuň aýdyň mysalydyr” diýip belleýär.
    Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilen ylmy işleriň her ýylky gözden geçirilişi türkmen ylmynyň ösdürilmegine, ýaş alymlaryň ylmy-barlaglarynyň höweslendirilmegine, olaryň milli ykdysadyýete goşandynyň artdyrylmagyna ýardam edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň ýanynda döredilen Ýaş alymlaryň merkezi bu hereketiň utgaşdyryjy guramasy bolup durýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bolsa ýaş alymlaryň geňeşleri hereket edýär. Bu ylym-bilim düzümleri ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň ylmy bähbitlerini hem-de başlangyçlaryny höweslendirmäge, olary ilerletmäge we durmuşa geçirmäge ýardam bermäge, halkara forumlara hem-de duşuşyklara, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşmaga we ýaşlary bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Her ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan geçirilýän ýaş alymlaryň ylmy bäsleşigi hem ýaş alymlarymyzy ýüze çykarmakda uly orun eýeleýär.
    2022-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem bu ylmy bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň institut tapgyryna institutyň ýaş mugallymlaryndan we ähli hünärleri boýunça talyplaryndan ybarat bolan 15 sany gatnaşyjylary özleriniň ýazan ylmy işleri bilen institutyň halypa, alym mugallymlaryndan düzülen toparyň öňünde çykyş etdiler. Toparyň çykaran netijesine laýyklykda, institutyň mugallymlaryndan we talyplaryndan jemi 10 sanysy 2022-nji ýylda yglan edilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan geçirilýän ýaş alymlaryň ylmy bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandylar.

    Merjen GURBANNAZAROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy

    Soňky täzelikler

    Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi surady

    29/05/2025

    Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    21/05/2025

    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    «DIPLOMATIÝA — SUNGAT» ATLY YLMY SEMINAR GEÇIRILDI surady

    12/03/2025

    «DIPLOMATIÝA — SUNGAT» ATLY YLMY SEMINAR GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI