28/01/2021
649
Ýaş alymlar merkeziniň döredilmegi mynasybetli maslahat
2021-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy we Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen «Garaşsyz Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny amala aşyrmakda ýaş alymlaryň orny» atly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata gatnaşdylar. Ýaş alymlar merkeziniň gurnamagynda geçirilen onlaýn maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň ylym we bilim edaralarynyň Ýaş alymlar geňeşiniň ýolbaşçylary we wekilleri çykyş etdiler. Maslahatda çykyş edenler “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzda ylym-bilim babatda amala aşyrylýan beýik başlangyçlaryň ähmiýeti, şeýle hem Ýaş alymlar geňeşleriniň ýaşlary ylma höweslendirmekde alyp barýan işleri we öňde duran wezipeleri dogrusynda belläp geçdiler. Maslahatyň ahyrynda ýaşlaryň ylmy gözlegler bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman, Alym Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Dünýägözel Çaryýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby
Soňky täzelikler
12/06/2024
Yhlasa myrat…12/06/2024
ÝÜREKLERDE GAHRYMANA ALKYŞ BAR