21/05/2024
1121
ÝAŞ ALYMLAR GEŇEŞINIŇ IŞJEŇ AGZALARYNYŇ ÜSTÜNLIGI
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda okaýan talyp ýaşlarymyzyň dürli bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri, ylmy taslamalar bilen yzygiderli meşgullanmaklary, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, institutda hereket edýän Ýaş alymlar geňeşiniň çäklerinde ylmy gurnaklaryň hem-de halypa-şägirt mekdepleriniň döredilmegi ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişine aýdyň şaýatlyk edýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instituty tarapyndan zehinli ýaşlary ýüze çykaryp, olaryň mundan beýläk-de intellektual ukyplaryny açyp görkezmeklerine mümkinçilik döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda «Arkadag şäherinde hereket edýän elektromobillere kuwwat beriji bekediň innowasion taslamasy» atly Hakaton bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça institutymyzyň talyplaryndan ybarat bolan topar, ýagny Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyplary Geldimyrat Tagyýew, Kakageldi Akmyradow, Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby Öwezgylyjow Kadyrmyrat, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyplary Orazberdi Oraztaganow we Şamyrat Begenjow dagy Baş baýraga mynasyp boldular. Talyp ýaşlarymyzyň ylmy bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, öz zehin-başarnyklaryny, intellektual ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Gülsenem HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk
öwreniş
kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Soňky täzelikler
12/06/2024
Yhlasa myrat…12/06/2024
ÝÜREKLERDE GAHRYMANA ALKYŞ BAR