07/11/2024
1317
ÝAŞ ALYMLAR GEŇEŞINIŇ GURAMAGYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň guramagynda ylmy gurnaklaryň ýolbaşçy mugallymlary we talyplary bilen bilelikde duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy kabul edildi hem-de ylym ulgamyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Kabul edilen milli we ählumumy derejeli döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, giň gerimli işler alnyp barylýar, birnäçe möhüm kararlar we çözgütler kabul edilýär. Bu işler ýaşlaryň ylmy başlangyçlaryny höweslendirmäge, olaryň işjeňleşmegine we durmuşa geçirilmegine goldaw bermäge, halkara forumlaryna hem-de duşuşyklara, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşmaga we ýaş alymlary bilelikdäki hem-de utgaşyklykdaky taslamalary amala aşyrmaga giňden çekmäge gönükdirilendir.
Bu duşuşykda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim-ylym-önümçilik arabaglanyşygyny has-da işjeňleşdirmek, ylmy işleriň netijelerini, oýlap tapyşlary önümçilige ornaşdyrmak boýunça işleri alyp barmak, bu işlere professor-mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň çekmek boýunça höweslendirmek babatda ýerine ýetirmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda teklipler diňlendi. Institutyň fakultetlerinde we kafedralarynda ýaş alymlaryň ylmy-barlag işlerini, taslamalaryny talabalaýyk alyp barmaklaryny gazanmak boýunça geçirilmeli wagyz-nesihat çäreler, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmek barada alnyp barylýan işler bellenildi. Bu ugurda alnyp barylýan işlere seljerme geçirmek we institutyň ylmy gurnaklarynyň işiniň kämilleşdirilmegine ýardam bermekde zehinli talyp ýaşlary ylmy-barlag, ylmy-taslama we ylmy-döredijilik işlerine çekmek babatda hem pikir alşyldy. Mundan başga-da duşuşykda institutyň ýaş mugallymlarynyň, zehinli talyplarynyň döwlet we halkara derejesinde geçirilýän, ylmy maslahatlaryna, taslama we döredijilik bäsleşiklerine gatnaşmaklaryny ýola goýmak, hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň hasabatyny ýöretmek boýunça geljekde göz öňünde tutulýan maksatlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Ähli agzalan ugurlar boýunça talyplaryň teklipleri diňlenildi.
Gülsenem HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk
öwreniş kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler
12/06/2024
Yhlasa myrat…12/06/2024
ÝÜREKLERDE GAHRYMANA ALKYŞ BAR12/06/2024
YLYMLY ÝAŞLAR – KÄMILLIGIŇ ÝOLUNDA