Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Ýalkym saçýan ak şäher
    Ýalkym saçýan ak şäher surady
    04/07/2023

    1013

    Ýalkym saçýan ak şäher

    Ýurdumyz döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Çünki onuň goýnunda bitirilýän asylly işler üstümizdäki ýylyň asyra barabar uly mümkinçiliginde görünýär. Sebäbi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan diýseň ähmiýetli waka bolup geçdi. Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň açylmagy giň möçberli dabaralar bilen utgaşdy. Döwlet ähmiýetli şäher bolan bu täsin künjegiň gurulmagy türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk şaýady boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň pugtadygyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezdi. Mälim bolşy ýaly, bu iri taslama iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda gurluşygyň birinji tapgyry tamamlanyp, onuň çäklerinde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň dürli düzümi boýunça 336-sy guruldy. Ol ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheri bolup, «geljegiň şäheri» diýip atlandyrylýar. Sebäbi desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa materiallar ulanyldy. Keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri saklanylyp, her bir binasy bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglere, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere hem laýyk gelýän şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertleri döredildi. Şunda Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň esasynda goýlan «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge öz beýanyny tapýar. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde şäher köçelerinde jemgyýetçilik ulagynyň ekologik taýdan arassa görnüşleri — elektrobuslar we elektrotaksiler hereket eder. Şeýlelikde, Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk, inženerçilik-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemläp, özboluşly mekan bolup sazlaşýar. Türkmenistanda ilkinji «akylly» döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriň açylyş dabarasynyň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ruhyýet köşgünde dabaraly maslahat hem geçirildi. Bu ýerde Arkadag şäheriniň dürli ugurlarda gazanylan üstünliklerini tassyklaýan ýigrimden gowrak sylaglar gelip gowuşdy. Bu Şahadatnamalar ýurdumyzyň dünýäde abraý-mertebesiniň nädereje belentligini görkezýär. Adam saglygy ýurduň iň esasy baýlygydyr. Şonuň üçin täze şäheriň binalar toplumynyň hatarynda hassahanalara orun berilmegi uly ähmiýete eýedir. Açylyş dabarasy gününde ulanmaga berilýän desgalaryň biri-de Arkadag şäheriniň dört gatdan we dokuz blokdan ybarat bolan hassahana binasy dürli ugurlar boýunça hassalary kabul etmäge hem-de lukmançylyk hyzmatlaryny ýetirmäge niýetlenendir. Ol 350 orunlyk köpugurly hassahanadyr. Bu ýerde neýrohirurgiýa, urologiýa we nefrologiýa, anesteziýa we reanimasiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa, umumy hirurgiýa, newrologiýa, kardiologiýa bölümleri bar. Hassahana Germaniýanyň, Niderlandlaryň, ABŞ-nyň, Italiýanyň hem-de Ýaponiýanyň öňdebaryjy öndürijileriniň diagnostika we bejeriş enjamlary bilen üpjün edildi. Hassahananyň enjamlaryny esasy üpjün edijiler bolup «Philips Medical Systems» (Niderlandlar) saglyk kompaniýasydyr. Ýokary hilli we döwrebap enjamlar hem-de hünär taýýarlygyny geçen hünärmenler Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna halkara ülňülerine laýyk gelýän iň ýokary derejede giň gerimli lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berer. Bu ýerde ilkinji nobatda halkyň saglygyny alada edilmegini agzap geçmegimiz ýöne ýerden däldir. Çünki, gowşurylan sylaglaryň hatarynda Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna «Philips» enjamlary bilen üpjün edilen «Sebitiň ýokary tehnologiýaly hassahanasy» atly güwänama berildi. Resminamany ýokarda agzalan kompaniýanyň halkara eksport bölüminiň dolandyryjysy Paskal Peter Lambertus Munsters gowşurdy. Niderland Patyşalygynyň «Philips Medical Systems» diýip atlandyrylýan bu kompaniýanyň önümleri dünýäde giň gerimden peýdalanylýar. Ýurdumyz bu meşhur kompaniýa bilen eýýäm birnäçe ýyl bäri içgin aragatnaşyk saklaýar. Çünki geçen ýylyň maý aýynyň 27-ne Daşoguz welaýatynda täze hassahana işe girizilipdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berilen hassahana döwrüň iň soňky usulynda bina edilip, lukmançylyk enjamlary bilen bir kemsiz üpjün edildi. Onuň lukmançylyk abzallarynyň köpüsi «Philips» kompaniýasynyň önümleridir. Hatda ýurdumyzyň hünärmenleriniň bu kompaniýa bilen işleşmek üçin gurnalýan iri forumlarda iki taraplaýyn duşuşyklary hem geçirýär. Aslynda bu kompaniýa oýlap tapyjylyk işine örän uly üns berýär. Mysal üçin, ukyny tutdurmak üçin derman serişdelerini peýdalanmak däl-de, ýörite rahatlandyryp ýatyryjy gözlükleri oýlap tapdylar. Tebigylyga has ýakyn bolmak isleýän işgärleri esasan dürli we peýdaly boljak enjamlary işläp taýýarlamaklyga çalyşýarlar. Umuman, bu kompaniýanyň meşhurlygy adam saglygyna peýda beriji enjamlary oýlap tapmaklyga daýanýar. Bu gün ähli halk bolup, ençeme şäher-kentlere öz goýnundan ýer beren mukaddes toprakda, Köpetdagy etekläp oturan ajaýyp mekanda döwrebap Arkadag şäheriniň döreýşine gözli şaýat bolan bagtyýar nesiller we adamlar onuň goýnunda mekan tutdy. Täze taryhy döwürde «akylly şäherde» dörediljek mümkinçilikler halkyň eşretli durmuşda ýaşaýandygyna ýene bir gezek şaýatlyk edýär. Täze, döwrebap şäher halkymyzyň göterilen ykbalynyň alamaty bolup, ak binalary bilen bizi bagtyýar pursatlara duş eýläp, gujagynda ähli amatlyklary görüp ýaşamaga mümkinçilik berer. Bu şäher Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyran beýik işleriniň diňebir güne, aýa, ýyla sygdyrman, eýsem taryhda baky orun alar. Şäher Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolup, ýurdumyzyň işjeň künjegi bolar. Mermer öwüşgini bilen Diýarymyzyň gujagyna aýratyn nuranalyk çaýyp, geljek üçin täze şäherleriň döremegine ruhlandyrar.

    Mähriban GELENOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI