
357
ÝABANY TEBIGATYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
BMG-niň
Baş Assambleýasynyň 2013-nji ýylyň 20-nji dekabrynda geçirilen
68-nji mejlisinde haýwanat we ösümlik dünýäsiniň ýitip barýan görnüşlerini
goramak maksady bilen, “3-nji mart – Ýabany
tebigatyň bütindünýä güni”
diýlip yglan edildi. Ýabany tebigatyň adamlar üçin nähili derwaýysdygy
baradaky garaýyşlary ösdürmek, janly-jandarlara bolan söýgini
artdyrmak we ösümlik dünýäsine aýawly çemeleşmek bu halkara günüň
döredilmeginiň esasy maksady bolup durýar. Şeýle hem tebigata zyýan
ýetirýänlere, bikanun aw awlaýanlara hem-de janly-jandarlaryň söwdasyny
edýänlere garşy göreşmäge çagyrýar.
Her ýyl Ýabany tebigatyň bütindünýä güni
mynasybetli halkara derejesinde konferensiýalar
geçirilýär. Degişli kararlar kabul edilip, Ýer ýüzündäki tebigy
ýagdaýlara seljerme berilýär. Ekosistemalaryň gülläp ösmegi, fauna
we flora dünýäsiniň geljek nesillere ýetmegi, tebigy gözelliklerden
lezzet almak üçin bilelikde iş alyp barmagyň zerurdygy bellenilýär.
Munuň üçin bolsa, ilki bilen, tebigata aýawly çemeleşmek hem-de janly-jandarlardyr
ösümlikleri goramak gerek. Önümçilik babatda ykdysadyýeti ösen
ýurtlarda daşky gurşawy goramagyň kyn düşýändigine garamazdan,
birnäçe ugurlarda tebigata zyýanly täsirleri azaltmaga synanyşylýar.
Ekologiýa taýdan arassa ýangyç serişdelerini, ekologiýa taýdan
arassa ulaglary we «ýaşyl» ykdysadyýeti muňa mysal getirmek bolar.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bellemegine görä, ýer ýüzünde 15 biodürlüligiň
ýitip gitmek howpy bar. Bu
ýyl Ýabany tebigatyň bütindünýä güni «Adamlary we Ýer şaryny birleşdirmek:
Tebigaty goramakda sanly innowasiýalary öwrenmek» şygary bilen
geçirilýär. Ýer şary köp dürli ösümlikleriň we haýwanlaryň mekany
bolup, görnüşleriň arasyndaky deňagramlylygy saklamak esasy şertleriň
biri bolup durýar. Dem alýan howamyzdyr içýän suwumyzdan başlap, tebigatdaky
ähli serişdeler ýaşamak üçin möhüm. Gynansagam magdançylyk, ekerançylyk
we gurluşyk işleriniň alnyp barylýan ýerleri, daşky gurşawyň hapalanmagy,
tehnologiýanyň ýerliksiz ulanylmagy ýabany tebigata uly täsirini
ýetirýär. Mysal üçin, bir desgany gurmak
üçin tebigy gurşawa eýe bolan meýdanyň esli bölegi tekizlenip arassalanýar.
Ýol çekilip, ulaglaryň gatnawy ýola goýulýar. Bu ýerde agaçlaryň çapylmagy,
ösümlikleriň ýok bolmagy bilen janly-jandarlar «öýüni» taşlap başga
ýere göçmeli bolýarlar. Esasan hem, bu ýagdaý Amerika ýurtlarynda
has köp duş gelýär. Adamzadyň ýabany tebigata aralaşmagy bilen biodürlülik
howp astynda galýar. Birleşen Milletler Guramasy şu ýagdaýlary göz
öňünde tutup, biodürlüligi gorap saklamak, ony geljekki nesillere
ýetirmek üçin birnäçe işleri alyp barýar. Tebigy baýlyklara aýawly
çemeleşmek baradaky meseleleri ösüp gelýän ýaş nesle düşündirmek
Birleşen Milletler
Guramasy tarapyndan alnyp barylýan esasy işleriň biri hasaplanýar.
Muhammetaly
ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginiň
Halkara
gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy
fakultetiniň II ýyl talyby.