14/02/2024
12177
Watanyň daýanjy ýaşlar
“Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna hormatly Prezidentimiziň sowgady bolan “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitap biz ýaşlara işde, okuwda, döredijilikde ýakyn gollanma bolar. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin ýaşlara uly ynam bildirilýär. Halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyz, Milli Liderimiz talyp ýaşlar bilen duşuşyklary yzygiderli geçirmeginiň zerurlygy hut şunuň bilen şertlendirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýokary ahlaklylygyň hem-de eziz Watanymyza we halkymyza çäksiz söýginiň belent nusgasyny görkezýär.
Geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) kabul edilmegi döwrümiziň iň möhüm ädimleriniň biridir.
“Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” kabul edildi. Onuň çäginde kämil, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, öz halkynyň medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň päk terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Okumyş, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, biziň her birimiziň asylly maksadymyzdyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň döredijilik maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Ýaşlar eziz Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda netijeli zähmet çekýärler. Telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşlara goldaw bermek hem-de olary bu işe höweslendirmek ugrunda ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän uly möçberli düzümleýin taslamalar, talyp ýaşlardyr ýaş hünärmenler üçin özboluşly synag merkezi, kämilligiň binýady bolup durýar.
Ýurdumyzyň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, olara taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny häzirki zaman meýillerini, döwlet syýasatynyň ugurlaryny düşündirmäge, häzirki taryhy döwürde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň many- mazmunyny açyp görkezmäge uly üns berilýär.
Ýaşlar syýasatynyň möhüm ugurlaryny üstünlikli amala aşyrmakda, biz hem öz gezegimizde halypaçylyk sagatlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlara sowgat beren “Ýaşlar -Watanyň daýanjy” kitabyndan ugur alyp okarys, dörederis, jan aýaman zähmet çekeris!
Jemgyýetimiziň ösüşiniň häzirki tapgyrynda halkymyzyň däp-dessurlaryny aýamak we dikeltmek, ruhy baýlygymyzy artdyrmak meselesine üns berilýär. Eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň milletimiziň baý taryhy-medeni mirasyna bolan gyzyklanmalary, guwanjy we buýsanjy döretmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenilýär. Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda ýaş nesli terbiýelemekde dünýä nusgalyk däpleri we ýörelgeleri döredipdir. Olar nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetirilipdir. Zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik, dostanalyk, ünslülik, tebigata, daşky gurşawa aýawlylyk, jogapkärçilik ýaşlarda irki döwürlerden kemala getirilýän häsiýetlerdir. Çagalyk döwründe alnan päk terbiýe şahsyýetiň kemala gelmeginiň hem-de doly derejede, döredijilikli durmuşynyň pugta binýady bolup durýar. Ýaşlaryň syýasy, ykdysady we medeni gözýetimlerini giňeltmegiň, olary ylma-bilime höweslendirmegiň möhüm ähmiýeti bardyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär.
Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapýar. Biz ýaşlara şeýle ajaýyp sowgady peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, halkyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny wasp edýän kitaplarynyň höwri köp bolsun!
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI