02/05/2024
1741
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
2024-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaşlaryň ýaramaz endiklerne gönükdirilen zyýanly endiklerden gaça durmaklaryny, ýagny çilim çekmezlige, nas atmazlyga, spirtli içgileri içmezlige, adamyň aňyna ýiti täsir ediji we seri dumanladyjy derman serişdeleri ulanmazlyga, neşe serişdelerini ulanmazlyga we saklamazlyga bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi hassahanasynyň kelle we boýun çiş keseller bölüminiň müdiri M.Muhammedow we institutyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Duşuşykda M.Muhammedow ýaşlarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, zyýanly endiklerden daşda durmak barada durmuşdan alnan mysallar arkaly çykyş etdi. Şeýle-de ol raýatlaryň saglygyny goramak, ýaşlaryň bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, olarda mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek biziň her birimiziň borjumyzdygyny aýratyn belläp geçdi.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy ugrunda çekýän irginsiz zähmeti üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýtdylar.
Begenç MYRATGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.