21/05/2024
1001
Üýtgeşik wagt guşaklygynda ýaşaýan talyp
Sözbaşy birbada sizi geňirgendirip biler. Emma, dogrudan-da, bu şeýle. Edil adaty adamlar ýaly, institutymyzyň beýleki talyplary üçin hem wagt diýlen düşünje günlere, hepdelere, aýlara bölünýän bolsa, biziň gahrymanymyz babatda bu biraz başgaçarak. Onuň üçin wagt gün, hepde ýaly adaty ölçeglere däl-de, «Parahatçylygyň ýaş çaparlarynyň» bir oýnundan beýlekisine çenli aralyga bölünýär. Eýýäm şu sözlerden siz gürrüňiň kim barada barýandygyny aňan bolsaňyz gerek. Hawa, biziň bu günki gahrymanymyz — Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Döwletgeldi Borjakow.
Düzümiň üýtgewsiz adamy
Her ýyl ýurdumyzyň ýüzlerçe mekdep okuwçysynyň arasyndan geljekki türkmen diplomatlary bolmaga iň mynasyplary saýlaýan, sanlyja gün mundan ozal, üçünji möwsümi tamamlanan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşigi üçin iň köp yhlas siňdirýänleriň biri Döwletgeldi Borjakowdyr diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Çünki ol bäsleşik başlaly bäri onuň her bir oýnunyň teleýaýlymda halk köpçüligine ýetirilmegi üçin tutanýerli zähmet çekýär. Bäsleşikde oýundan oýna, möwsümden möwsüme eminler, gatnaşyjylar yzygiderli täzelenip dur. Emma onuň içinde tä başyndan şu güne çenli üýtgewsiz gatnaşyp gelýän az sanly adamlaryň biri hem hut şol Döwlet. Onuň özi bolsa bu barada ýarym oýun, ýarym çyn äheňde şeýleräk gürrüň berýär: «Bu bäsleşik heniz birinji ýyl talyp mahalym guralyp başlandy. Dogrusy, ilkibaşda, şeýle uly taslamanyň ýaýlyma berlişine jogap bermek biraz howatyrlandyrmanam durmady. Ýöne «göz gorkak, el batyr» diýleni. Yhlas bilen ýapyşdyk, Hudaýa şükür, her bir oýnuň ýaýlyma berlişini abraýly ýerine ýetirip gelýäris. Özüm-ä indi bu bäsleşik, onuň gatnaşyjylary bilen halys imrigipdirinem. Gönimden gelsem, öz topardaşlarym bilen bagly ýatlamalarymdan ýaş çaparlar bilen bagly ýatlamalarym has köp bolsa gerek».
Degişmäniň aňyrsyndaky hakykat
Talyp durmuşy ylym öwrenmek üçin kitap sahypalaryny agtaryp geçilýän gijeler bilen
bir hatarda ýaşlyk hyjuwyndan döreýän degişmedir oýunlardan ybarat. Arada
institutymyzyň okuw studiýasydyr gazet redaksiýasynda işjeň gatnaşýan talyp deň-duşlarymyz bilen üýşüp otyrkak, şeýle degişmeleriň ýene biri orta oklandy. Gepe çeper talyp ýoldaşymyz Döwlete seredip: «Agam, Döwlet «Parahatçylygyň ýaş çaparlarynyň» indiki möwsüminden başlap kamera düşürmegi goýup, emin boljakmyşyn diýýäler, şol çynmy?!» diýip degişdi. Döwlet bu sowala pespällik bilen: «Ýok-la, her kim öz oňarýan zadyny etse gowy. Menden emin çykasy ýok» diýip jogap beren hem bolsa, aslynda, onuň şu bäsleşik sebäpli taryh biliminden mazaly ýüki ýetendiginden hemmämiz habarly. Muny şu bäsleşige gatnaşyp, institutymyzyň talyby bolmak bagty miýesser eden ýaş çaparlar hasam gowy bilýändirler. Sebäbi olar kähalatlarda gatnaşyjylaryň berýän jogaplaryna Döwletiň eminlere mahsus takyklyk bilen berýän düzedişleriniň gözli şaýatlary. Ine, hälki talyp deň-duşumyzyň degişmä salyp aýdan sözleriniň aňyrsynda, aslynda, şu hakykat ýatyrdy. Özüňiz göz öňüne getiriň, bäsleşigiň her bir oýny taryhyň belli bir döwrüne bagyşlanylyp taýýarlanansoň, olarda şol döwrüň ähli wakalaryna degişli sowallardyr jogaplar dile getirilýär. Döwlet bolsa tutuş gepleşigi kebşirlemek üçin şol berlen sowallary, jogaplary, eminleriň beren teswirlerini onlarça gezek gaýtalap-gaýtalap diňleýär. Şeýdibem, taryh baradaky maglumatlar onuň aňasty aňyna möhürlenýär. Onsoň, ol nädip taryhça öwrülmesin?!
* * *
Makalanyň ahyrynda ýene wagtly gürrüňe dolanmak isleýäris. Döwlet üçin wagtyň bölünişiniň üýtgeşik bolşy ýaly, onuň talyplyk gün tertibi hem başgaça. Köplenç, onuň üçin bir okuw güni beýlekisine üznüksiz baglanyp gidýär. Şonuň üçinem biz onuň bilen käteler «diňe gündiz däl, gijede okuwda bolýan talyp» diýip degişýäris. Çünki ol hemişe «Parahatçylygyň ýaş çaparlarynyň» ýaýlyma birkemsiz gitmegi, onuň her bir pursadynyň özboluşly öwüşginler bilen bezelmegi üçin sözüň göni manysynda gijesini gündiz edip zähmet çekýär. Çekilen zähmetiň bolsa biziň ýurdumyzda hem, ýokary okuw mekdebimizde hem hemişe gadyry bilinýär.
Mätgurban MÄTGURBANOW,
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
III ýyl talyby.
Çeşme: “Ýaş diplomatyň sesi” elektron gazeti – 20.05.2024 ý. // https://www.iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-14-97_3009