1030
Üns merkezinde — türkmen-fransuz gatnaşyklary
Parižde ýerleşýän Fransiýanyň Halkara we strategik barlaglar institutynda (IRIS) «Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsinde wehimler we mümkinçilikler» ady bilen guralan maslahat Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna, şeýle-de beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny wagyz etmäge bagyşlandy. Fransiýanyň Halkara we strategik barlaglar instituty hem-de Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy bilen bilelikde guralan forum iki ýurduň diplomatik, ylmy-medeni jemgyýetçiliginiň, ylmy-barlag merkezleriniň, akademiki edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.
Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Çaryýew maslahatda eden çykyşynda häzirki wagtda dünýäde bölünişik meýilleriniň barha güýçlenýän şertlerinde halkara jemgyýetçilikde ynanyşmaga, açyk diplomatiýa esaslanýan täze hyzmatdaşlyk nusgalaryna zerurlygyň artýandygyna ünsi çekdi. Ol indi 30 ýyl bäri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirip gelýändigini, bu hukuk derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilendigini, oňyn Bitaraplyk ýörelgeleriniň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasy bolup çykyş edýändigini aýratyn nygtady. Şeýle-de ilçi türkmen-fransuz gatnaşyklary barada durup geçip, Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň maýynda Fransiýa amala aşyran saparynyň energiýa, ekologiýa, suw serişdeleri, sanly ulgam, kosmos tehnologiýalary, bilim, ylym, medeni miras ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açandygyny belledi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowa çykyşynda ylym-bilim ulgamlarynda Fransiýa bilen özara gatnaşyklaryň barha ilerleýändigine, türkmen ýaşlarynyň fransuz diline gyzyklanmalarynyň artýandygyna ünsi çekse, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Ş.Çaryýew Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň türkmen-fransuz medeni gatnaşyklaryny ösdürmekdäki ähmiýeti barada gürrüň berdi. Fransuz tarapynyň wekilleri, öz gezeginde, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň sebitdäki orny, fransuz ylmy jemgyýetçiliginiň türkmen medeni mirasyna gyzyklanmalary, ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyndaky strategik ähmiýeti, hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hakynda pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler.
Forumyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryna, Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiliginden söz açýan eserlere, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna degişli neşirlere orun berlen sergi guraldy.
Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA. «Türkmenistan».
Çeşme: “Türkmenistan” gazeti – 21.11.2025 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/216182
Soňky täzelikler
03/12/2025
INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY
02/12/2025
Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar