Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / Üns beriň, bäsleşik 3!
    Üns beriň, bäsleşik 3! surady
    04/05/2021

    1023

    Üns beriň, bäsleşik 3!

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna, şeýle hem Halkara parahatçylyk üçin köptaraplylyk we diplomatiýa güni mynasybetli  

    ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Türkmenistanyň daşary syýasy üstünliklerine bagyşlanan iňlis dilinde geçiriljek 

    onlaýn zehin bäsleşiginiň

     

    DÜZGÜNNAMASY

    I. Umumy düzgünler

    1. Şu Düzgünnama zehin bäsleşiginiň maksatlaryny, wezipelerini, geçirmegiň tertibini we şertlerini kesgitleýär.

    2. Bäsleşigiň esasy maksady:

    - Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, dil başarnyklaryny görkezmegi, geljekde ilimize-ýurdumyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesliň zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we zehin başarnyklaryny açmaga gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmekden;

    - Taryhy özgerişleriň täze döwrüne gadam basan Türkmenistan özüniň dünýä üçin açyklygynyň we parahatlyk söýüjiliginiň, ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösüşini we jemgyýetdäki giň möçberli özgertmeleriň nusgasyny bütin dünýä ýaýýar. Hut şeýle şertlerde ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin zerur bolan halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak, olary batly depginler bilen ösýän dünýäniň bilim ülňülerine gabat getirmek möhüm bolup durýar. Şulardan ugur alyp, şeýle hem Türkmenistanyň halkara bileleşiginde barha artýan işjeňligini göz öňünde tutup, ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin kämil hünärmenleri taýýarlamakdan; 

    - Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmekden, dil bilimlerini kämilleşdirmekden ybaratdyr.


    II. Bäsleşigiň geçiş tertibi:

    Bäsleşik ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirilýär. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hersinden 1 topar (4 dört sany talyplardan düzülen) onlaýn bäsleşige gatnaşýar. Bäsleşik baradaky maglumatlar yashlar.gov.tm we iirmfa.edu.tm web sahypalarynda ýerleşdiriler.

    Bäsleşik aşakdaky tertipde 2 tapgyrda geçiriler:

    - birinji tapgyr – Toparlar Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanan prezentasiýa bilen iňlis dilinde çykyş etmeli (monolog, goşgy, çeper okaýyş we ş.m. wagty 3 min.);

    - ikinji tapgyr –Birinji tapgyrda ýeňiji bolan toparlar eminler tarapyndan düzülen 5 sany soraglara iňlis dilinde jogap bermek arkaly özara bäsleşýärler.Ýeňiş gazanan topar bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilýär.

    III. Bäsleşigiň şertleri:

    Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän toparlar 2021-nji ýylyň 15-nji maýyna çenli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň iirmfa.edu.tm web sahypasynda özüni hasaba aldyrmaly. 

    Bäsleşik 2021-nji ýylyň maý aýynyň 19-na onlaýn ZOOM platformada geçirilip, her ýokary okuw mekdebinden  düzülen toparlar deslapdan düzülen ýörite topar tarapyndan taýýarlanan soraglara iňlis dilinde jogap bermeli. Her dogry jogap üçin 1 utuk berilýär. Soraglar Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyndan, A.Rahmanowyň “Diplomatik gullugyň esaslary” okuw kitabyndan, 2007-2021-nji ýyllar aralygyndaky döwürde merjen paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen halkara çäreleri baradaky taryhy çeşmelerden ybarat bolar. Her soraga jogap bermek üçin 1 minut wagt berilýär.

    Zehin bäsleşigine gatnaşyjylara mynasyp baha bermek üçin ýörite bitarap eminler topary düzülýär. Eminler talyplaryň her bir jogaby üçin 1 utuk baha goýýarlar we şol utuklary goşmak arkaly soňky netijäni çykarýarlar. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

    Ýeňiji toparyň agzalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň diplomlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanarlar we bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp bolan toparyň ýokary okuw mekdebi “Tolkun” 42-lik telewizor bilen sylaglanylar.



    Diplomatik gullugyn esaslary.pdf

    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI