Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / Üns beriň, bäsleşik 2!
    Üns beriň, bäsleşik 2! surady
    04/05/2021

    1050

    Üns beriň, bäsleşik 2!

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan
    “Halkara hukugy” boýunça talyplaryň arasynda yglan edilen internet olimpiadasynyň
    DÜZGÜNNAMASY

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, hormatly Prezidentimiziň halkara hukugy ugry boýunça bilim alýan talyplaryň bilimini has hem artdyrmak baradaky tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen halkara hukugy boýunça okaýan talyplaryň arasynda internet olimpiadasyny yglan edýär.
    Olimpiadanyň esasy maksady: halkara hukugy boýunça ýaşlaryň gyzyklanmasyny we bilimini artdyrmaklyga, şeýle-de halkara hukugy bilen bagly ýüze çykýan meseleleri içgin öwrenmeklige gönükdirilendir.
    Şu maksat bilen bu olimpiadany geçirmek üçin guramaçylyk toparyny döretmeli.
    Bu toparyň düzümine Türkmenistanyň Daşary işler ministrligini, Türkmenistanyň Bilim ministrligini, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny we beýleki degişli edaralardan, şeýle-de halkara guramalarynyň wekillerini goşmaly.
    Olimpiadany geçirmek boýunça guramaçylyk toparyna olimpiadanyň ýeňijilerini kesgitlemek boýunça eminler agzalaryny kesgitlemegi tabşyrmaly.
    Olimpiada gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň www.iirmfa.edu.tm web-saýtyna degişli resminamalaryň elektron görnüşleri we ýerine ýetirilen ylmy işler ugradylýar. Olimpiadanyň geçişi baradaky ähli maglumatlar institutyň www.iirmfa.edu.tm web-saýtynda ýerleşdirilýär.
    Olimpiadanyň ýeňijilerini iki tapgyryň netijeleri boýunça seçilip alynýar.
    Olimpiadanyň ŞERTLERI:
    Olimpiada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler;
    Olimpiada şu aşakda berlen ugurlar boýunça öň neşir edilmedik ylmy nutuklar we ylmy taslamalar hödürlenip bilner;
    Halkara hukugynyň häzirki zaman meseleleriniň täzeçil çözgütleri;
    Halkara hususy hukugynda ykdysady meseleleriň häsiýetli aýratynlyklary;
    Halkara hususy hukugynda maşgala hukuk gatnaşyklarynyň häzirki zaman görnüşleri we olaryň dünýä tejribesi;
    Halkara ykdysady meseleleri gysga wagtda çözmegiň häzirki zaman täzeçil ýollaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri;
    Sebitde halkara ykdysady meseleleri çözmegiň täze ugurlary;
    Hödürlenýän ylmy işler ylmy makalalary ýazmagyň tertibine laýyklykda tabşyrylmaly.Bu baradaky maglumatlar www.iirmfa.edu.tm web-saýtynda ýerleşdirilýär;
    Hödürlenýän ylmy makalalar türkmen we iňlis dillerinde kabul edilýär;
    Olimpiada gatnaşmak üçin taýýarlanan ylmy makalalar 2021-nji ýylyň iýun aýynyň aýynyň 15-ne sagat 23:59 çenli kabul edilýär;
    Taýýarlanan ylmy makalalaryň göwrümi 15 sahypadan geçmeli däl;
    Ylmy makalalar görkezilen möhletinden soň kabul edilmeýär, kabul ediliş tamamlanandan soň, bir aýyň dowamynda ýeňijiler yglan edilýär;
    Ýeňijileri kesgitlemekde ylmly makalalaryň mazmunyna, makala bildirilýän talaplaryň berjaý edilişine, ylmy makalada gozgalýan meseleleriň wajyplygyna, hödürlenýän çözgütleriň ýerlikliligine esasy üns berilýär;
    Ýeňijiler emin agzalar tarapyndan kesgitlenilýär we olar hormat haty we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanylýar;
    Ýeňijileriň hödürlän ylmy makalalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyň “Ýaş žurnalistiň sesi” radiogepleşiginde eşitdiriler hem-de “Ýaş diplomatyň sesi” atly elektron gazetinde çap etmek üçin hödürlener.

    Bellik: hgi.hhkafedra@online.tm

    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI