Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / «Uçurym — 2024» dabarasy geçirildi
    «Uçurym — 2024» dabarasy geçirildi
    «Uçurym — 2024» dabarasy geçirildi
    «Uçurym — 2024» dabarasy geçirildi
    «Uçurym — 2024» dabarasy geçirildi
    «Uçurym — 2024» dabarasy geçirildi
    «Uçurym — 2024» dabarasy geçirildi
    «Uçurym — 2024» dabarasy geçirildi
    15/06/2024

    5387

    «Uçurym — 2024» dabarasy geçirildi

    2024-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda uçurymlaryň baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa daşary syýasat edarasynyň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary, talyplardyr magistrler, şeýle hem uçurym talyplaryň ata-eneleri gatnaşdylar.
    Baýramçylyk dabarasynda institutyň professor-mugallymlary gutlag sözleri bilen çykyş edip, uçurymlara ak ýol, üstünlik arzuw etdiler. Çykyş eden halypa mugallymlar häzirki zaman şertlerinde halkara gatnaşyklary netijeli ösdürmek wezipesiniň diplomatik gullugyň işgärlerinden ýokary hünär ussatlygyny, çuňňur bilimi we başarnygy, hemmetaraplaýyn taýýarlygy talap edilýändigi, geljekki halkaraçy hünärmenleri taýýarlamak babatda institutda ähli şertleriň döredilendigini bellediler.
    Dabaranyň dowamynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň uçurymy Şeker Hudaýberenowanyň ejesi gutlag sözleri bilen çykyş edip, ýaş hünärmenleri ýetişdirmek babatda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdy.
    Ýeri gelende bellesek, 2009-njy ýyldan başlap institut öz uçurymlaryny işe ýollap ugrady. Olar Daşary işler ministrliginiň ulgamyna, hukuk goraýjy edaralaryna, Ykdysady we maliýe toplumyna, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetine, şäher we welaýat gazetleriniň redaksiýalaryna işe ugradyldy. Şu okuw ýylynda bolsa talyplaryň 80-si, magistrleriň 62-si türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebini üstünlikli tamamlap, olaryň 12-si ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlamagy başardylar. Dabaranyň dowamynda olara Hormat hatlary we gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
    Sahnada uçurymlaryň talyplyk ýyllaryndan alnan suratly pursatlaryň görkezilmegi bolsa dabara gatnaşyjylarda özboluşly tolgunmalary döretdi. Baýramçylyk dabarasy joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Institutyň aýdym-saz we döredijilik toparynyň talyplary özleriniň sahna ussatlygyny görkezip, dürli daşary ýurt dillerinde aýdymlary ýerine ýetirdiler.
    Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar türkmen diplomatiýasyny bütin dünýäde dabaralandyryp, halkaraçy ýaşlary taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

    Peristan TÖRÄÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI