22
TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY ÖSÜŞINI ÜPJÜN ETMEKDE ENERGETIKA WE ULAG ULGAMLARYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ ORNY ATLY WEBINAR
2025-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanyň ykdysady ösüşini üpjün etmekde energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň orny” atly webinar geçirildi. Webinarda Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy H.Arazmyradow şeýle-de Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy P.Çaryýew çykyş etdiler. Webinara sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary we mugallymlary gatnaşdylar.
Mugallymlar öz çykyşynda Türkmenistan ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasaty we onuň taryhy kökleri, häzirki döwürde ykdysadyýetiň esasy ýörelgeleri bolan energetika we ulag ulgamynda ýetilen sepgitler boýunça giňişleýin gürrüň berdiler.
Webinaryň soňunda talyp ýaşlar özleriniň gyzyklanýan soraglaryny berdiler we ol sapak örän täsirli geçip, talyplarda goşmaça maglumatlary almaga mümkinçilik döretdi.
Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallym