05/06/2026
15
ENERGETIKA DIPLOMATIÝASYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyplaryň gatnaşmagynda energetika diplomatiýasyna bagyşlanan nobatdaky okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergiýa» döwlet elektrik energiýa korporasiýasynyň uzak möhletleýin ösüş bölüminiň baş hünärmeni Abdyrahman Myratdurdyýew «Energetika diplomatiýasynyň işiniň hukuk we ykdysady esaslary» temasy boýunça çykyş etdi.
Sapagyň dowamynda Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň halkara-hukuk we milli kanunçylyk esaslary, şeýle hem ýurdumyzyň energetika toplumynyň halkara hukugyna doly laýyklykda dünýä bazarynda alyp barýan işleri aýdyň mysallar arkaly ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyşlarda ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly çykarylmagynyň hukuk kepillikleri baradaky meselelere aýratyn üns berildi.
Geçirilen bu okuw sapagy geljekki halkaraçy hünärmenlerde Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň milli we halkara derejesindäki binýady, şeýle-de ýurdumyzyň energetika toplumynyň dünýä bazaryndaky orny baradaky bilimlerini tejribe üsti bilen has-da baýlaşdyrmaga uly ýardam etdi.
Aýnur BAÝJIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby