02/11/2026
101
TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIÝASYNYŇ MÖHÜM UGURLARY BILEN TANYŞDYRYŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda orta mekdep okuwçylary bilen Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary “Öňüni alyş diplomatiýasy” we “Energetika diplomatiýasy” okuw merkezleriniň işi bilen tanyşdyryş duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Nazar Meredow hem-de Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Perhat Mahremow degişlilikde “Öňüni alyş diplomatiýasy” we “Energetika diplomatiýasy” okuw merkezleriniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Mugallymlar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde alyp barýan işleri barada bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda mekdep okuwçylary mugallymlara beren gyzykly gürrüňleri üçin köp sagbolsun aýtdylar we olara özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi mekdep okuwçylarynyň bilimlerini we tejribesini artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär.
Ezizhan GAHRYMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby