Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen sebitara hyzmatdaşlygy konstruktiw häsiýete eýe bolýar
    Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen sebitara hyzmatdaşlygy konstruktiw häsiýete eýe bolýar surady
    11/11/2023

    1347

    Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen sebitara hyzmatdaşlygy konstruktiw häsiýete eýe bolýar

    2023-nji ýylyň 9-10-njy noýabrynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Özbegistan Respublikasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) döwlet baştutanlarynyň 16-njy Sammitine gatnaşdy.
    Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy (YHG) – sebitleýin hökümetara ykdysady guramasy bolup, 1985-nji ýylda döredildi. Eýran Yslam Respublikasy, Päkistan hem-de Türkiýe Respublikasy guramany esaslandyryjy döwletlerdir. 1992-nji ýylda bu gurama alyp barýan hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirdi. Onuň düzümine Owganystan Yslam Respublikasy, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan Respublikalary hem täze agzalary boldy. Agza döwletleriň ykdysady, tehniki we medeni hyzmatdaşlygyny ilerletmek, sebitiň dünýä söwdasyndaky ornuny artdyrmak, agza döwletleriň dünýä ykdysadyýetine yzygiderli utgaşygyny üpjün etmek, sebitiň ýurtlaryny biri-biri hem-de daşarky dünýä bilen baglanyşdyrýan ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, sebitiň agrar we senagat mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy tagallalary birleşdirmek, daşky gurşawy goramak, sebitiň halklarynyň arasyndaky däp bolan medeni aragatnaşyklary berkitmek, sebitara we halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işiniň esasy maksatlary we ugurlary bolup durýar.
    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň Tähranda geçirilen 10-njy ýubileý duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistan parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly bolup we oňyn bitaraplyk ýörelgesine eýerip, sebitleýin derejede, şol sanda YHG-nyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy işeňňirleşdirmegiň tarapdary bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga ýardam etjek möhüm başlangyçlarynyň birnäçesini öňe sürdi. Ilkinji nobatda, energiýa geçirijileriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge, suw-energetika meselelerini çözmäge, sebitara ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmäge degişli şol başlangyçlar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy. 2011-nji ýylyň maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Özbegistan Respublikasynyň hökümetleriniň arasynda Halkara ulag hem-de üstaşyr geçelgesini döretmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi bu ugurdaky hyzmatdaşlykda aýratyn bellärliklidir.
    Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy döredilen gününden bäri onuň Tertipnamasynda beýan edilen ýörelgelere we maksatlara eýermek arkaly, haýsydyr bir syýasy ýa-da ideologik garaýyşlardan azat bolan ykdysady hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde öz ugruny saklap galdy. Şu ýörelgelere eýerip, YHG sebitiň çäklerinden çykyp, beýleki halkara guramalary we köpsanly ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär hem-de daşarky dünýä bilen gatnaşyklary giňeldýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň garaýşyny beýan etmek bilen, energetika we ulag ulgamlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, kämilleşdirilmegini we olaryň diwersifikasiýasyny hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezýär.
    Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda energiýa geçirijileriň akymlarynyň toplumlaýyn howpsuzlygyny üpjün etmek meselesiniň möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekip, hut şu maksat bilen Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna energetiki çig malyny dünýä bazaryna üstaşyr geçirmegiň howpsuzlygy bilen bagly möhüm mesele boýunça giň halkara gepleşigine girişmek baradaky teklibi berendigine üns çekýär. Mälim bolşy ýaly degişli rezolýusiýanyň taslamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna berlende Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary bolup durýan ähli ýurtlaryň şol rezolýusiýanyň awtordaşlary bolup çykyş etdi we soňra şonuň BMG-niň maslahatynda biragyzdan kabul edildi.
    Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalarynyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek, dawalardan soňra ykdysady we sosial infrastrukturany dikeltmek boýunça hyzmatdaşlygynyň örän möhümdigi aýratyn bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşdyrylmagyna, owgan topragynda parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, doganlyk ýurduň ykdysadyýetiniň dikeldilmegine, şol sanda elektrik energiýasy bilen üpjünçiligine, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gatnaşmagyny hyzmatdaşlygyň anyk ugry hökmünde görkezýär.
    Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 2012-nji ýylyň 11-13-nji iýunynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sebitleýin meýilnamalaşdyryş geňeşiniň nobatdaky 22-nji maslahaty Aşgabat şäherinde geçirildi. Bu forumyň işine Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň maliýe we býujet edaralarynyň ýolbaşçylary hem işjeň gatnaşypdylar.
    Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň YHG bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini, oňa esasan hem, ykdysady we durmuş ulgamlarynda sebitleýin taslamalary ilerletmek bilen meşgullanýan iri halkara guramasy hökmünde garaýandygyny we döwletimiziň öz üstüne alan ähli borçnamalaryna we möhüm bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça öň gazanylan ylalaşyklara ygrarlydygyny tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sebit boýunça ähli goňşulary bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary mundan beýläk hem işjeň ösdürer.

    Gyzylgül GURBANMUHAMEDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI