02/12/2025
6
«TÜRKMENISTANYŇ ÝEWROPA TARAP GÖNÜKDIRILEN ENERGETIKA STRATEGIÝASYNYŇ ESASY UGURLARY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň Ýewropa tarap gönükdirilen energetika strategiýasynyň esasy ugurlary» atly okuw sapagy geçirildi. Oňa institutyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň “Energetika diplomatiýasy” ugrunyň talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýasy kafedrasynyň mugallymy Hemra Arazmyradow alyp bardy. Sapagyň dowamynda ýurdumyzyň Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň diňe bir gaz eksporty bilen çäklenmän, eýsem, energetika pudagynda tehnologiýa alyş-çalşygy, energetika diplomatiýasyny, sebit durnuklylygyny we hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen ugurlary, üstaşyr geçirijileriň köpugurlylygyny üpjün etmek boýunça strategik ýörelgeleri barada gürrüň edildi.
Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna giňişleýin jogap aldylar.
Muhammetaly ANNAMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.