Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «RUSSIÝA – YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM» HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞAR
    TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «RUSSIÝA – YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM» HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞAR surady
    15/04/2024

    580

    TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «RUSSIÝA – YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM» HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞAR

    Türkmenistan bilen Russiýa döwleti bilen halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde aýratyn ähmiýetli başlangyçlarydyr teklipleri ilerletmekde birek-biregi yzygiderli goldaýarlar.
    Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek bilen, söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurlarda bar bolan kuwwatlyklary hasaba almak arkaly umumy tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli hasap edilýär.
    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň energetika ulgamynda halkara başlangyçlaryny amala aşyrmakda we sebitde hyzmatdaşlygy, ynanyşmagy berkitmekde «Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynyň ähmiýetine aýratyn uly orun degişlidir.
    2022-nji ýylda geçirilen bu foruma 6,3 müňden gowrak adam, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Milli Liderimiz gatnaşypdy.
    Taryha nazar salsak, «KazanForum 2022»-de Tatarystan Respublikasynyň Başlygy Rustam Minnihanow: «20 milliondan gowrak musulmanyň ýaşaýan Russiýasynyň Halal pudagy üçin uly geljegi bar. Mundan başga-da bu diňe bir iýmit däl, eýsem syýahatçylyk, lukmançylyk, IT tehnologiýalary we başga-da köp zat» diýip belläp geçdi.
    KazanForumyň maksady Russiýa bilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna girýän döwletleriň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny berkitmek bolup durýar. Ilkinji gezek forum 2009-njy ýylda geçirildi. 2023-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Karary bilen foruma federal derejesi berildi.
    Forumyň 2023-nji ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek esasy çäresi halkara işewür gatnaşyklar we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin meýdança bolan halkara standartyna laýyklykda Russiýanyň iň uly maýa goýum we infrastruktura taslamalar sergisi «Russiýa Halal Expo» boldy. Bu ýerde azyk we azyk däl önümler, lomaý we bölek söwda, inženerçilik, gurluşyk, moda we gözellik, maliýe we maýa goýum pudagyndaky halal hyzmatlar, syýahatçylyk, bilim, IT we saglygy goraýyş ýaly ugurlarda ýetilen sepgitler görkezilipdi.
    Türkmenistanyň wekilýeti Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde 2024-nji ýylyň 14-19-njy maýynda geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» gatnaşmagyna hem-de bu halkara forumynyň çäginde geçiriljek sergide ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünliklerini görkezmeklerine garaşylýar.
    Kazan Forumyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, çäräniň esasy temalary “Halal” senagaty, Yslam dininiň maliýeleri, ulag geçelgelerini we bilimi ösdürmek bolup durar. Mundan başga-da, foruma gatnaşyjylar syýahatçylyk, şol sanda lukmançylyk ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Halkara forum Yslam ýurtlarynyň işewür wekillerini bir ýere jemlemegine garaşylýar.
    Halkara ykdysady forumyna gatnaşyjylar Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmeginiň taslamasyny, şeýle hem bu taslamada konteýnerli ýük daşamalaryň 15-30 esse artdyrylmagyny maslahatlaşdylar.
    Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen işjeň gatnaşygynyň ýola goýulmagy we yzygiderli ösdürilmegi biziň ýurdumyzda kabul edilýän milli Maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine özüniň saldamly goşandyny goşýar we Türkmenistanyň ýakyn wagtlarda dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ynamly goşulmagyna zerur bolan şertleri döredýär.

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI