Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / TÜRKMENISTANYŇ ULAG DIPLOMATIÝASY HALKARA HYZMATDAŞLYGYNY ÝOLA GOÝMAGYŇ NETIJELI GURALYDYR
    TÜRKMENISTANYŇ ULAG DIPLOMATIÝASY HALKARA HYZMATDAŞLYGYNY ÝOLA GOÝMAGYŇ NETIJELI GURALYDYR surady
    22/12/2023

    749

    TÜRKMENISTANYŇ ULAG DIPLOMATIÝASY HALKARA HYZMATDAŞLYGYNY ÝOLA GOÝMAGYŇ NETIJELI GURALYDYR

    2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatdaky nobatdaky üstünligidir.
    Türkmenistanyň Prezidenti XXI asyryň täze taryhy şertlerinde dünýäniň bitewiliginden ugur alýan öňdengörüjilikli syýasaty amala aşyrmak bilen, dünýäniň ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam edýän üstaşyr ulag infrastrukturasyny emele getirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de şol başlangyçlaryň gaýragoýulmazdan durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär. Häzirki döwürde «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022—2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» esasy ugurlarynyň biri hem Halkara guramalaryň çäklerinde sebitde iri ulag-üstaşyr taslamalary öňe sürýär.
    Gahryman Arkadagymyzyň halkara başlangyçlary netijesinde, 2012-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda «Orta Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde ulag hem-de üstaşyr gatnawlaryň ösüşiniň geljegi», 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny», 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda «Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahaty», 2017-nji ýylyň maýy aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda «Ýewraziýa yklymynda üstaşyr-ulag hyzmatdaşlygyny köpugurlaýyn ösdürmek meselesine bagyşlanan Ulag we logistika», 2018-nji ýylyň maý aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda «Beýik ýüpek ýoly–täze ösüşlere tarap», 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda «Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda, 2022-nji ýylyň awgust aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki», 2023-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara maslahatlarynyň we forumlarynyň netijeleri boýunça Jemleýji resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.
    Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýalarnyň mejlislerinde ýeti sany Kararnama kabul edildi. Olaryň mysalynda, 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», 2022-nji ýylyň ýylyň 15-nji martynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek», 2023-nji ýylyň 16-njy maýda «Bütindünýä durnukly ulag güni», 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek» atly Kararnamalaryň yzygiderli kabul edilmegi Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň netijeli guralydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
    2023-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ulag ministrleriniň 12-nji mejlisinde «Özbegistan —Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» ugry boýunça Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky Halkara multimodal geçelgesiniň Teswirnamasyna gol çekildi. Resminama laýyklykda geljekde taslama gatnaşyjy döwletler demir ýollary bilen amatly nyrhlarynyň esasynda haryt daşamak üçin şertleriň döredilmegini, ýükleri daşamaga gatnaşýan ýurtlaryň ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmakda mümkinçilik dörediler.
    2023-nji ýylyň noýabr aýynda bolsa, Aşgabatda «Aziýa — Ýuwaş ummany ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» (CASCA+) halkara multimodal ulag-üstaşyr ugry boýunça agza ýurtlaryň Demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirilendigini bellemek gerek. Şeýele-de Hazar deňiziniň üsti bilen, Orta Gündogary Ýewropa bilen baglanyşdyrýan «Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe», Hazar deňzi – Gara deňzi halkara ulag ugry boýunça «Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Rumyniýa» halkara multimodal ulag-üstaşyr geçelgeleri dünýäniň birnäçe döwletlere göni çykalgany açýar. Netijede ýolyň gysgalmagy bolsa daşary ýurt sarp edijileri üçin önümleriň bahasynyň aşak düşmegini şertlendirer. Munuň özi iri söwda kärhanalarynyň sebitde önüm öndürijiler bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirer. Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistan 1988-nji ýylyň sentýabrynda Baku şäherinde kabul edilen Ýewropa-Kawkaz-Aziýa Halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşuldy. Resminamanyň maksady Ýewropa sebitinde, Gara deňizde, Kawkazda, Hazar deňzinde we Aziýada ykdysady gatnaşyklary, söwda we ulag aragatnaşygyny ösdürmekden, şeýle hem harytlaryň halkara gatnawyny öňe sürmek we ýeňilleşdirmek, hereketleriň howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag syýasatyny sazlaşdyrmak we ulagyň dürli görnüşleriniň arasynda bäsdeşlik üçin deň şertleri döretmekden ybarat bolup durýar.
    Görşümiz ýaly, Türkmenistan dünýäniň dürli yklymlaryna ýakyn, ösen ykdysady merkezleriň aralygynda ýerleşmek bilen, ýurdumyzda ulag daşary söwda gatnaşyklarynyň ähli görnüşlerini ösdürmäge uly mümkinçilikler bar. Şol mümkinçilikleri Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň netijeli guralydyr.

    Perhat ÇARYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallym

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI