Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇINIŇ GATNAŞMAGYNDA UMUMY SAPAK GEÇIRILDI
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Bildirişler / Türkmenistanyň taryhy, iňlis dili, matematika, türkmen dili dersleri boýunça olimpiadalar
    Türkmenistanyň taryhy, iňlis dili, matematika, türkmen dili dersleri boýunça olimpiadalar surady
    04/05/2023

    9304

    Türkmenistanyň taryhy, iňlis dili, matematika, türkmen dili dersleri boýunça olimpiadalar

    Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde “Watanyň daýanjy - bilimli ýaşlar, Arkadagly Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly Türkmenistanyň taryhy, matematika, türkmen dili, iňlis dili dersleri boýunça olimpiadany guramak we geçirmek hakyndaky

    DÜZGÜNNAMA

    Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmak, zehinlerini artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni mynasybetli “Watanyň daýanjy - bilimli ýaşlar, Arkadagly Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly Türkmenistanyň taryhy, matematika, iňlis dili, türkmen dili dersleri boýunça boýunça onlaýn olimpiadany guramak we geçirmek hakyndaky Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.


    Umumy düzgünler

    Şu Düzgünnama onlaýn olimpiadany guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Watana, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, zehinli we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde orta çykýar. Onlaýn bäsleşigiň geçirilmegi, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň intellektual derejesini kesgitlemäge, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmakda we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlaryň ýüze çykarmakda ýardam eder.


    Olimpiadanyň maksady

    Zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak, olaryň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak endiklerini kämilleşdirmek hem-de giriş synaglaryň tabşyryljak dersleri boýunça bilimleriniň derejesini kesgitlemek.


    Onlaýn olimpiadanyň guramagyň we geçirmegiň tertibi

    1.Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ähli mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň olimpiada gatnaşmaga hukugy bolup, olar 20.03.2023 senä çenli degişli maglumatlaryny elektron–salga: tdimhgi2023@gmail.com ugratmaly. Okuwçylaryň hasaba alnandyklary baradaky maglu mat elektron salgylaryna 3-nji aprele çenli ugradylar hem-de ol maglumatda bäsleşige gatnaşmaly senesi, wagty görkeziler.


    Olimpiadanyň I tapgyrynyň geçiriljek rejesi:

    a. 08.04.2023 – Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda;

    b.10.04.2023 – Balkan welaýaty – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasynda;

    c. 11.04.2023 – Daşoguz welaýaty – Türkmen oba hojalyk institutynda;

    d. 12.04.2023 – Lebap welaýaty – S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;

    e. 13.04.2023 – Mary welaýaty – Türkmen Döwlet energetika institutynda.


    2. I tapgyrdan üstünlikli geçen mekdep okuwçylary barada Baş Bilim müdirliklerine hem-de II tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylaryň elektron salgylaryna II tapgyra gatnaşmak üçin ýörite login/açar ugradylar we uzak aralykdan test tabşyrarlar.


    Olimpiadanyň II tapgyrynyň geçiriljek rejesi:

    a. 22.04.2023 – Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda;

    b. 24.04.2023 – Balkan welaýaty – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasynda;

    c. 25.04.2023 – Daşoguz welaýaty – Türkmen oba hojalyk institutynda;

    d. 26.04.2023 – Lebap welaýaty – S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;

    e. 27.04.2023 – Mary welaýaty – Türkmen Döwlet energetika institutynda.


    Ýeňijileri kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

    1. Olimpiadada ýokary utuklary gazanmagy başaran mekdep okuwçylaryň sanawy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanar.

    2. Ýeňijiler: I, II, III ýerler hem-de höweslendiriji ýerler boýunça gurnaýjylar tarapyndan taýýarlanan Hormat haty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen institutda 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda geçiriljek “Açyk gapylar” gününde sylaglanarlar.


    Habarlaşmak üçin:

    Tel: +993 12 223350,

    E-poçta: tdimhgi2023@gmail.com


    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçiren "Watanyň daýanjy - bilimli ýaşlar, Arkadagly Serdaryň guwanjy ýaşlar!" atly ders bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijileriniň 

    SANAWY 




    T/bFamiliýasy we adyOkuwçynyň okaýan mekdebiDiplom derejesi
    1.Öwezmyradow BatyrAşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep internatyI derejeli
    2.Orazow BakygulyAhal welaýatynyň Kaka etrabynyň 15-nji orta mekdebiI derejeli
    3.Patjanowa SelbiBalkanabat şäheriniň 11-nji orta mekdebiI derejeli
    4.Atajanow ArslanDaşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiI derejeli
    5.Nedirowa AýlarTürkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebi
    I derejeli
    6.Mommaýew ŞazadaMary şäheriniň 5-nji orta mekdebi
    I derejeli
    7.Arslanow KasymAşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep internaty
    II derejeli
    8.Muhammetgurbanow DawutAk bugdaý etrabynyň 46-njy orta mekdebi
    II derejeli
    9.Guljanowa NurbibiBalkanabat şäheriniň 11-nji orta mekdebiII derejeli
    10.Mergenowa AmansoltanDaşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebi
    II derejeli
    11.Hudaýberdiýewa BägülKerki etrabynyň 37-nji orta mekdebi
    II derejeli
    12.Gezerow DawutMary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiII derejeli
    13.Atajanowa GülzadaAşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep internaty
    III derejeli
    14.Saparow KerimberdiAk bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebi
    III derejeli
    15.Garryjaýewa GülsereBalkanabat şäheriniň 22-nji orta mekdebi
    III derejeli
    16.Salyhowa ArzuwDaşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebi
    III derejeli
    17.Muradowa MerjenKöýtendag etrabynyň 1-nji orta mekdebi
    III derejeli
    18.Maksadow MyratMary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebi
    III derejeli
    19.Jollykowa TumarAşgabat şäheriniň 140-njy orta mekdebiHormat haty
    20.Ýazçyýew RahmanBabadaýhan etrabynyň 17-nji orta mekdebi
    Hormat haty

    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:

    https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/69855/yurdumyzyn-dasary-isler-minstrliginin-halkara-gatnasyklary-instituty-yokary-synp-okuwcylary-ucin-olimpiadalary-gecirer



    Soňky täzelikler

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK – 2026! surady

    19/01/2026

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK – 2026!
    “Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly IV OLIMPIADA surady

    15/01/2026

    “Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly IV OLIMPIADA
    Breýn-ring bäsleşigi surady

    08/01/2026

    Breýn-ring bäsleşigi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI