Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkmenistanyň söwda ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy rowaçlanýar
    Türkmenistanyň söwda ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy rowaçlanýar surady
    30/11/-0001

    970

    Türkmenistanyň söwda ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy rowaçlanýar

    Halkara ykdysady gatnaşyklarynyň şol sanda syýasy we medeni gatnaşyklarynyň ösmegi halkara hukugynyň has giň gerim almagyna ýardam etdi. Şonuň bilen bir wagtda halkara gatnaşyklarynyň belli bir ýörite çygyrlarynda ulanylýan halkara hukugynyň birnäçe institutlary emele geldi. Halkara söwda gatnaşyklarynyň ösmegi döwletleriň köpsanly söwda şertnamalaryny we ylalaşyklaryny baglaşmaga ýardam etdi.
    Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki döwri halkara söwdanyň depginli ösüşi bilen häsiýetlendirilip, ol döwletleri we halklary birleşdirýän esasy ulgam bolup durýar. Soňky birnäçe onýyllyklaryň dowamynda ählumumylaşma hadysasynyň çuňlaşmagy halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geriminiň giňemegini, oňa gatnaşyjylaryň sanynyň ýylsaýyn köpelmegini, netijede, bu gatnaşyklaryň has-da çylşyrymlaşmagyny şertlendirdi. Halklary jebisleşdirmegi we döwletleri ýakynlaşdyrmagy özüne ýol-ýörelge edinen Birleşen Milletler Guramasy döwrüň bu çagyryşlaryndan ugur alyp, 1966-njy ýylda şol bökdençlikleri peseltmegi we aradan aýyrmagy maksat edinýän Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasyny (UNCITRAL) esaslandyrdy. Onuň ştab-kwartirasy Wena (Awstriýa) şäherinde ýerleşip, häzirki döwürde ol BMG-niň esasy hukuk edarasy bolmak bilen, onuň alyp barýan işi tutuş dünýäde söwda hukugy çygrynda özgertmeleri amala aşyrmaga, hususan-da, halkara täjirçilik işiniň kadalaryny döwrebaplaşdyrmaga we ylalaşdyrmaga gönükdirilendir.
    BMG-niň Baş Assambleýasy komissiýany döretmekde dürli döwletleriň kanunlarynyň halkara söwda meselelerinde ulanylmagy netijesinde ýüze çykýan gapma-garşylygyň söwda akymyna päsgelçilikleriň biridigini ykrar etdi. Şol sebäpden, komissiýa halkara söwdasyndaky päsgelçilikleri azaltmakda ýa-da aýyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň has işjeň orny eýeläp biljek guraly hökmünde garaldy. Komissiýa Baş Assambleýa tarapyndan saýlanan altmyş agza döwletden ybarat bolup, onuň agzalyk gurluşy, dünýäniň dürli geografiki sebitleriniň we esasy ykdysady we hukuk ulgamlarynyň wekilçilik edilmegini üpjün edýär. Komissiýanyň agzalary alty ýyl saýlanyp, agzalarynyň ýarysynyň möhleti her üç ýylda gutarýar.
    Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda Türkmenistan BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. Ýurdumyzyň bu komissiýa saýlanmagy möhüm ähmiýetli waka bolup durýandyr. Bu möhüm wakanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň ýakynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasynyň Geňeşe agza döwletler tarapyndan biragyzdan makullanyp, Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt derejesini bermek baradaky çözgüdiň kabul edilen günlerine gabat gelmegi bolsa aýratyn buýsandyryjydyr.
    Bazar gatnaşyklarynyň ösmegi netijesinde, halkara söwda ulgamynda bäsdeşligiň ýitileşmegi bolsa bilelikde çözülmegini talap edýän umumy meseleleriň ýüze çykmagyna getirdi. Halkara söwda gatnaşyklarynda emele gelen şeýle ýagdaýlary sazlaşdyrmak we bu meseleler boýunça döwletleriň arasynda ylalaşyk gazanmak zerurlygy halkara söwdany hukuk taýdan düzgünleşdirmek meselesini dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmagyň, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň wajyp meselesine öwürdi.
    Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň ýokarda agzalan komissiýasyna agzalygyna saýlanmagy ýurdumyzda alnyp barylýan hoşniýetli daşary syýasata berilýän ýokary baha bolup, halkara söwdany hukuk taýdan kadalaşdyrmak babatynda bilelikdäki çözgütleriň kabul edilmegine gös-göni gatnaşmak, bu ugurda dürli ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmek üçin şertleri döredýär.
    Türkmenistanyň dünýä ösüşiniň meselelerini bilelikde çözmek boýunça öňe sürýän garaýyşlary we teklipleri diňe biziň döwletimiziň ileri tutulýan ugurlaryna jogap bolman, eýsem, dünýä bileleşiginiň bähbitleriniň hatyrasyna parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam edýär.

    Merjen GURBANNAZAROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
    kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI