17/11/2026
66
ÄHLUMUMY EKOLOGIK ABADANÇYLYGYŇ UGRUNDA
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary ýurdumyzyň daşary syýasat taryhynda hem-de halkara ekologiýa diplomatiýasynda aýratyn möhüm sahypany açdy. Dünýäniň 102 döwletinden ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen bu halkara sammit ählumumy daşky gurşawy goramak hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek babatda strategik meýdança öwrüldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ygrarly bolmak bilen, sebit we ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň göwrümli başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Bu taryhy forumda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň aýdyň beýany boldy.
Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirip, «Bir millet — iki döwlet» ýörelgesi esasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini maslahatlaşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz türk işewürleri — «Çalyk Holding» kompaniýasynyň başlygy Ahmet Çalyk hem-de «Rönesans Holding» kompaniýasynyň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşyp milli senagat ösüş strategiýasynyň çäklerinde iri taslamalary amala aşyrmak barada gepleşikleri geçirdi. Gahryman Arkadagymyz COP31 sammitiniň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan we Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan borçnamalaryna berk ygrarlydygyny tassyklap, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga hem-de arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen çäreleri beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz öz taryhy çykyşynda ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Hususan-da, Ählumumy metan borçnamasyny durmuşa geçirmek we milli habarnamalary taýýarlamak boýunça amala aşyrylan işler bellenildi. Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň 2027-nji ýylyň başynda Aşgabatda öz işine başlajakdygy yglan edildi. Mundan başga-da, Milli Liderimiz Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek teklibini beýan etdi. Ählumumy derejede bolsa 2028-2037-nji ýyllary BMG-niň Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy diýip yglan etmek, 2027-nji ýylda Aşgabatda birinji halkara duşuşygy geçirmek bilen «Howa boýunça Aşgabat dialogyny» döretmek ýaly anyk teklipler berildi. Şonuň bilen birlikde, howanyň üýtgemeginiň sanly atlasyny taýýarlamak, howa bilen bagly tehnologiýalary bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny hem-de Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamak başlangyçlary öňe sürüldi.
Milli Liderimiziň COP31 sammitinde öňe süren başlangyçlary we sammitiň çäklerinde geçirilen gepleşikleri tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň durnukly ösüşine hyzmat edýän taryhy ädimdir. Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň başlyklyk edýän ýurt hökmünde sammitiň çäklerinde «Awazadan Antalýa çenli» sessiýasyny geçirmegi halkara hyzmatdaşlygy täze basgançaga göterdi. Sammitiň çäklerinde ýurdumyz bilen birnäçe halkara guramalarynyň arasynda möhüm energiýa geçişi, suw serişdelerini dolandyrmak hem-de daşky gurşawy goramak boýunça resminamalara gol çekildi. Antalýada ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň milli pawilýony bolsa ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwürmek syýasatyny dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrdy. Ýurdumyzyň bu halkara sammitine gatnaşmagy we onda öňe süren başlangyçlary howa baradaky dialogy ählumumy ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwürmäge goşýan goşandynyň aýdyň subutnamasydyr.
Jemläp aýdanymyzda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň COP31 sammitine gatnaşmagy we öňe süren başlangyçlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ählumumy ekologik abadançylygyň ugrunda alnyp barýan parahatçylyk söýüji syýasatynyň aýdyň dabaralanmasydyr. Şeýle beýik hem-de döwletli işleri durmuşa geçirip, ýurdumyzyň halkara abraýyny belentliklere göterýän, halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin il-ýurt bähbitli taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur sagbolsun aýdýarys!
Guwanç ALIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby