Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana döwlet sapary: birinji günüň wakalary gysga setirlerde
    Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana döwlet sapary: birinji günüň wakalary gysga setirlerde surady
    11/05/2023

    1058

    Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana döwlet sapary: birinji günüň wakalary gysga setirlerde

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu babatda bize golaý bolan Merkezi Aziýa döwletlerine aýratyn orun degişli. Şol döwletleriň biri-de Täjigistan Respublikasydyr. Bilşimiz ýaly, 10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy. Arkadagly Serdarymyzy Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde ýurduň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Soňra täjik paýtagtyndaky «Kasri Millat» köşgünde Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri ikiçäk gepleşikleri geçirdiler. Gepleşiklerde iki tarapyň hem türkmen-täjik gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine ygrarlydygy bellenildi. Soňra gepleşikler giňeldilen düzümde dowam etdirildi. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýeten derejesi kanagatlanma bilen bellenilip, mundan beýläk-de syýasy, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň baý mümkinçilikler gorunyň bardygyna üns çekildi. Gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň arasynda 24 sany resminama gol çekildi. Olaryň hatarynda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamanyň hem bardygyny aýratyn bellemek gerek. Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Täjigistanyň Prezidenti bilen bilelikde göni wideoaragatnaşyk arkaly ýurduň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji döwlet saparynyň birinji gününde Duşenbe şäheriniň merkezindäki «Dusti» ýadygärlikler toplumyndaky Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül desselerini goýdy. Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz döwlet saparynyň maksatnamalarynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň we Milli Majlisiniň Başlyklary bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Günüň ahyrynda Duşenbe şäherindäki «Nowruz» köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna täjik Lideri Emomali Rahmon tarapyndan resmi agşamlyk nahary berildi.


    Halbibi SATLYKOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI