16/02/2023
678
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde onlaýn halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň “Döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn-da, ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmekde ýaş alymlarymyzyň ylmy açyşlary, senagat-innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik pikirleri, maglumat-tehnologik ylmy barlaglary möhüm ähmiýete eýedir” diýen sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan” we Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan”, şeýle hem “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň we professor-mugallymlarynyň ylymda we tehnikada gazananlaryny, innowasion tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň 15-16-njy fewralynda onlaýn görnüşinde “Durnukly ösüş maksatlary: ýaşlar syýasaty we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Halkara ylmy-amaly maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary özleriniň alyp barýan ylmy işleriniň temalary boýunça çykyşlary bilen gatnaşdylar. Bu halkara ylmy-amaly maslahaty hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň bu günki gün halkara derejesinde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge itergi berdi.
“Durnukly ösüş maksatlary: Ýaşlar syýasaty we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda daşary ýurtlaryň akademikleriniň hem professorlarynyň eden çykyşlary diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Gruziýa, Ýaponiýa, Russiýa, ABŞ, Rumyniýa, Germaniýa we beýleki birnäçe döwletleriň wekilleri özleriniň baý tejribelerini paýlaşdylar.
Geljekde şeýle ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilip durulmagy ýaşlaryň dünýägaraşyşlaryny ösdürmäge mümkinçilik döreder.
Agakuwwat ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme
hukuk öwreniş
kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler
12/06/2024
Yhlasa myrat…12/06/2024
ÝÜREKLERDE GAHRYMANA ALKYŞ BAR