Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkmenistanyň halkara ekologik başlangyçlary goldaw tapýar
    Türkmenistanyň halkara ekologik başlangyçlary goldaw tapýar surady
    19/01/2024

    1562

    Türkmenistanyň halkara ekologik başlangyçlary goldaw tapýar

    Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bularyň ählisi döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygynyň berkemeginde, ömür dowamlylygynyň uzamagynda örän uly ähmiýete eýedir. Ynsanlaryň sagdynlygy we ruhubelentligi şu günüň hem-de geljegiň arassa howa şertlerine, daşky gurşawyň durnukly ýagdaýynyň saklanmagyna, tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylmagyna aýratyn talaplary bildirýär. Şu nukdaýnazardan, adamzadyň röwşen geljeginiň hatyrasyna tebigatyň üýtgewsizligini gazanmak, onuň serişdelerinden rejeli peýdalanmak üçin uzak möhletleýin halkara we milli ekologiýa çäreleri meýilleşdirilýär. Onuň çäklerinde BMG-niň tebigaty goramak baradaky konwensiýalarynyň birnäçesine goşulýan ýurdumyzyň ekologiýa kanunçylygy umumy ykrar edilen halkara ýörelgeler we milli gymmatlyklar esasynda yzygiderli kämilleşdirilýär.
    Türkmenistanyň dünýä forumlarynda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” atly ählumumy maslahatynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüşiň meseleleri boýunça duşuşykda, BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Ýaponiýada geçirilen III Bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Olaryň hatarynda howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, şeýle hem BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny hem-de BMG-niň Suw Strategiýasyny işläp taýýarlamak hakynda teklipler bolup, türkmen tarapy bu merkeziň işlemegi üçin Aşgabatda zerur düzümi bermäge taýýardygyny beýan etdi.
    Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda hem Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek möhümdir we şol sebit maksatnamalary bolsa howa tehnologiýalaryny Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň döwletlerine geçirmäge gönükdirilendir. «Bu resminama Merkezi Aziýada BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Türkmenistanda Sebit merkezini açmak baradaky meselä jikme-jik garamak üçin ilkinji ädim hem-de düýpli hukuk şerti hökmünde garaýarys» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz 80 milliona golaý ilatly, täsin tebigy serişdelere we bioköpdürlülige eýe bolan we şol bir wagtyň özünde düýpli ekologik wehimleriň zolagynda ýerleşýän sebit üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen merkezini döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjy bu gün aýdyň mümkinçiliklere eýe bolýandygyny belledi.

    Gülsenem HOMMADOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI