01/11/2023
639
Türkmenistanyň global energetika bazaryndaky orny pugtalanýar
Adatça, ýurdumyzyň nebit-gaz pudagyndaky gazanylan netijeler her ýylyň güýzünde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara serginiň we maslahatyň dowamynda seljerilýär. 2023-nji ýylyň 25 — 27-nji oktýabrynda Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» halkara nebit-gaz forumynyň dowamynda hem asylly däbe görä, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň soňky bir ýyldaky gazanan öňegidişliklerine ser salmakda, pudaga täze maýa goýumlaryny çekmekde örän ähmiýetli boldy.
2023-nji ýyl «mawy ýangyjy» daşarky bazarlara eksport etmek boýunça gazanylan örän ähmiýetli üstünlikler we taryhy ylalaşyklar bilen ýatda galar diýip bileris. Çünki Türkmenistan şu ýylyň dowamynda Wengriýa (Ýewropa bazaryna), Pakistan ýaly tebigy gazy eksport etmegiň täze bazarlaryna tarap aýgytly ädim äden bolsa, Yrak hem-de goňşy Özbegistan bilen bu ugurda degişli ylalaşyklar gazanyldy. Aşakda Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy bilen bagly soňky bir ýylyň esasy wakalary dogrusynda giňişleýin durup geçmegi makul bildik:
Aşgabat – Budapeşt:syýasy şertnama
2023-nji ýylyň 20-nji awgustynda Budapeştde Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň duşuşygy Wengriýanyň energetika syýasatynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Sebäbi şol duşuşygyň barşynda geljekde türkmen gazyny Wengriýa ibermek barada syýasy ylalaşyk gazanyldy.
Mälim bolşuna görä, türkmen «mawy ýangyjynyň» Wengriýa iberilmegini Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň üsti bilen guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Siýýarto Türkmenistandan Wengriýa tebigy gaz ibermek üçin geçirijilik kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolan 300 kilometrlik turbageçirijini gurmagyň, şeýle hem Günorta-Gündogar Ýewropadaky turbageçirijileriň kuwwatyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň tebigy gazynyň Wengriýa iberilmegi bilen bagly gazanylan syýasy ylalaşyk türkmen «mawy ýangyjyny» Ýewropa eksport etmek babatda ädilen örän möhüm ädimdir.
Aşgabat – Bagdat: «swop» taslamasy
Edil Wengriýa ýaly, Yrak hem şu ýylyň dowamynda türkmen gazyna esasy hyrydar hökmünde orta çykdy. Oktýabr aýynyň birinji ongünlüginde Bagdatda Yrak bilen Türkmenistanyň arasynda Yragyň elektrik beketleriniň zerurlyklaryny üpjün etmek boýunça tebigy gaz ibermek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu resminama Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen Yragyň elektrik ministri Ziad Ali Fadeliň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň gol çekildi.
Resminama laýyklykda, Yrak tarapy bilen gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen «swop» usulynda Eýran Yslam Respublikasyndan üstaşyr geçirip, Yrak Respublikasyna her ýylda, takmynan, 10 milliard kub metre golaý türkmen tebigy gazyny ibermek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, gazy «swop» usulynda Eýran Yslam Respublikasyndan üstaşyr akdyrmak babatda Eýranyň Milli gaz kompaniýasy bilen hem degişli gepleşikler alnyp barylýar.
Eger-de bu ugurdaky gepleşikler üstünlikli tamamlanyp, türkmen gazy Yraga iberilip başlanylsa, munuň özi Türkmenistanyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmak bilen birlikde, tebigy gazyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmakda oňyn çözgütleriň biri bolar.
Aşgabat – Daşkent: 2 milliard kub metr
Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda şu ýylda ýüze çykan ähmiýetli wakalaryň ýene biri Özbegistana türkmen gazyny gönüden-göni eksport etmek babatda gysga möhletleýin ylalaşygyň gazanylandygydyr. Has takygy, 2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanow bilen Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurda sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň arasynda geçirilen duşuşykda taraplar türkmen tebigy gazyny Özbegistana ibermek hakynda täze şertnama baglaşmak barada ylalaşdylar.
Şertnama esasynda 1 ýylyň dowamynda 2 milliard kub metr türkmen «mawy ýangyjyny» goňşy ýurda eksport etmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri geljekde taraplaryň arasynda tebigy gazyň eksporty boýunça uzak möhletleýin ylalaşygyň gazanyljakdygyny we eksport edilýän tebigy gazyň mukdarynyň artdyryljakdygyny belläp geçdi. Şonuň üçin hem Türkmenistan geljekde goňşy ýurda öz gazynyň uly mukdaryny eksport etmek arkaly «mawy ýangyçdan» gelýän gyzyl puldaky girdejisini artdyrmak babatda amatly mümkinçilige eýe diýip bolar.
Aşgabat – Pekin: 65 milliard kub metr
Bilşimiz ýaly, türkmen gazynyň esasy import edijisi Hytaý Halk Respublikasy bolup durýar. Häzirki wagtda her ýylda 30 milliard kub metrden gowrak türkmen gazy Hytaýa eksport edilýär. Bu mukdaryň ýakyn geljekde 65 milliard kub metre çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Çünki Hytaý tarapy tebigy gaza bolan içerki islegiň ýylsaýyn artýandygyny göz öňünde tutup, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmak isleýär. Ozalky üç şahadan tapawutlylykda, Gazagystanyň däl-de, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň üstünden geçýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň işe girizilmegi bilen ýene-de goşmaça 25 milliard kub metr türkmen gazyny Hytaýa ibermäge we eksportyň umumy mukdaryny 65 milliard kub metre ýetirmäge mümkinçilik dörär. Bularyň ählisi ýene-de uzak ýyllaryň dowamynda Hytaýyň türkmen gazynyň esasy import edijisi, Türkmenistanyň bolsa bu ýurdy turbageçirijiler arkaly tebigy gaz bilen esasy üpjün ediji bolmagynda galjakdygyny aňladýar.
Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda Türkmenistan Hytaýa umumy bahasy 10 milliard 250 million dollarlyk tebigy gazy eksport etdi. Şu ýylyň ýedi aýynda bolsa bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 10 göterim ýokarlanyp, eksport edilen tebigy gazyň umumy bahasy 5,85 milliard amerikan dollaryna deň boldy.
Aşgabat – Yslamabat: TOPH taslamasy
Bulardan başga-da, şu ýylyň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi babatda hem öňegidişlikler hasaba alyndy. Çünki energiýa ýetmezçiligini başdan geçirýän we onuň gymmat çeşmelerini ulanýan Pakistan Türkmenistan bilen tebigy gazy import etmek boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn ähmiýet berýär.
Pakistanyň Premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anwar-ul-Hak Kakaryň aýtmagyna görä, Türkmenistan ägirt uly tebigy gaz mümkinçiliklerine eýe bolup, wagtlaýyn Hökümetiň ygtyýarlygynyň tamamlanýan döwrüne çenli degişli ugurda netijeli işleriň durmuşa geçiriljekdigine umyt bildirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Yslamabatda ýerleşýän Maýa goýumlaryny ösdürmek boýunça Ýörite geňeşiň Ýokary komiteti (SIFC) Pakistanyň Daşary işler hem-de Nebit ministrliklerine TOPH gaz geçirijisi bilen bagly meseleleriniň çözülmegini çaltlaşdyrmak boýunça tabşyryk berdi. Tabşyryga laýyklykda, 2023-nji ýylyň 30-njy noýabryna çenli aşakdaky şertnamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär: kabul edýän Hökümetiň şertnamasy, Gazy üstaşyr geçirmek şertnamasy, Turbageçiriji ulgamyň düzgünleri we ş.m.
Mundan başga-da, Yslamabat häzirki wagtda ministrlikleriň derejesinde Türkmenistandan elektrik toguny satyn almagyň mümkinçiligini we mehanizmini öwrenmek üçin gepleşikleri geçirmegi, şeýle-de Azerbaýjandan we Türkmenistandan «swop» şertnamasy esasynda tebigy gazy import etmegiň mümkinçiliklerine hem garamagy meýilleşdirýär.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistan we Pakistan TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişini çaltlaşdyrmak baradaky bilelikdäki Meýilnama gol çekişdi. Bu resminama TOPH gaz geçiriji taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin «ýol kartasy» bolup hyzmat edýär.
Mätgurban MÄTGURBANOW,
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
11/12/2024
INTERNATIONAL HUMAN RIGHTS DAY10/12/2024
«Hakyda göwheri» ― milli mirasyň buýsanjy