1015
Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy – ösüşiň goşa ganaty
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Hormatly Prezidentimiz:”Eger-de, milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýyşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!” diýip belleýär. Hakykatdan hem biziň Garaşsyzlygymyz we baky Bitaraplygymyz halkymyzyň asuda we erkana durmuşynyň, eşretli hem bolelin ýaşaýşynyň aýdyň kepilnamasy bolup, geçmişimize beýik şöhrat, geljegimize egsilmez ynam berýär. Türkmenistan Watanymyzyň abraý-mertebesini dünýä ýüzünde has-da belende göterýär. Munuň özi bolsa bütin dünýä tarapyndan ykrar edilen ýurdumyzy ýer ýüzüne tanadan bu iki mukaddesligiň eziz Türkmenistanymyzyň baky yranmaz sütünleridigini görkezýär.
“Şu günüňi gazanmak üçin düýnki binýadyň, ýagny berk esasyň gerek. Ertiriňi gazanmak üçin hem şu günki binýadyň, ýagny berk esasyň gerek” diýýär dana Arkadagymyz. Elbetde ertirki üstünligiň açary bu günki äden ädimiň netijesine bagly. Biziň eşretli hem beýik ösüşli döwrümiz bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hem eziz Watanymyzyň iki sany beýik sütünleri bolan hemişelik Garaşsyzlygymyzyň hem-de baky Bitaraplygymyzyň bu günki günümize eçilen berekedi, hiç wagt egsilmejek miweleridir.
Garaşsyzlyk – bir başa jem bolan agzybir türkmen halkymyzyň abadançylygy we bagtyýarlygydyr, dünýä ýüzünde milletimizi “türkmen’’ ady bilen tanadýan özerkliligidir we belent mertebesidir. Mälim bolşy ýaly, halkymyz özüniň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda adamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öz mynasyp goşandyny goşmagy başaran halkdyr. Biziň Watanymyz ylym-bilimde, medeniýet-sungatda dünýä döwletlerini haýrana galdyran ençeme ägirtleriň dörän topragydyr! Aňyrsyna göz ýetmeýän giň sähralarymyz ýer ýüzünde gyzyldan gymmatly hasaplanýan dürli baýlyklaryň, berekediň çeşmesi. Ine, müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiziň arzuw eýläp ýeten mukaddes Garaşsyzlygy biziň şol ajaýyp gymmatlyklarymyzy, genji-hazynamyzy has çuň öwrenmegimize, ýurdumyzyň ýerüsti we ýerasty baýlyklaryny halkymyzyň eşretli durmuşyny gazanmaga gönükdirmegimize giň mümkinçilik döretdi. Şunuň esasynda hem halkymyz bu günki günde eşretli zamanada, bagtyýar döwürde döwletli döwran sürýär.
Baky Bitaraplygymyz bolsa halkara giňişliginde eziz Watanymyzyň abraý-mertebesiniň belende galmagynda we döwletimiziň bütin dünýäde ykrar edilmeginde örän ähmiýetlidir. Ol türkmeniň geçmişinden, asylly häsiýetlerinden gözbaş alyp geljegimize nur saçýan beýik ýörelgedir. Häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyz dünýä ýüzünde bu beýik derejesine esaslanan parahatçylyk, ylalaşdyryjylyk syýasatyny alyp barýar we ýer ýüzünde asudalygyň höküm sürmegine özüniň çäksiz goşantlaryny goşýar.
Şeýlelikde, Garaşsyzlygymyz ata-babalarymyzyň beýik taryhy mirasynyň, medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň we ýol-ýörelgeleriniň, millilige we mukaddeslige ýugrulan baýramlarymyzyň gözbaşy bolsa, baky Bitaraplygymyz bu asylly ýörelgelerimizden ugur alýan ýer ýüzünde birek-birek bilen ysnyşykly, deňhukukly syýasaty alyp barýan türkmeniň adyny dünýäde has-da belentliklere göteren mukaddes ykrarnamadyr.
Dünýä belli akyldarlaryň biri bolan Seneka şeýle belleýär: ”Durmuşa-da edil basnýa ýaly, uzynlygyna görä däl-de, mazmunyna görä baha kesilýär”. Hakykatdan hem şanly Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyza ýaňy 30 ýyl dolanam bolsa, şol geçen ýyllaryň dowamynda edilen işler barmak basyp sanardan gaty kän. Bu döwürde Watanymyzyň abraýyny has-da ýokary münberlere götermek hem-de halkymyzyň eşretli we döwrebap ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda alnyp barlan dowamly işler bilen birlikde medeniýetimizi ösdürmek, medeni mirasymyzy gorap saklamak, milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek boýunça ummasyz köp maksatnamalar durmuşa geçirildi. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiz özüniň Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden başlap dünýäniň ençeme halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyklary, birnäçe ýurtlar bilen bolsa diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Şolardan, 1993-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup, bu abraýly gurama bilen ýokary depginli gatnaşyklary ýola goýmagy döwletmiziň diňe bir öz milli mirasyny, medeni ýadygärliklerini gorap saklamakda däl, eýsem dünýä medeniýetine hem özüniň uly goşantlaryny goşmakda netijeli işleri alyp barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýokardaky pikirimizi has-da aýdyňlaşdyrmak üçin şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhynyň dowamynda bu babatda edilen işlere göz aýlap, olar barada durup geçsek, ony has-da aýdyňlaşdyrdygymyz bolar. Ýagny, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň üçüsi: 1999-njy ýylda “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy, 2005-nji ýylda gadymy Köneürgenç şäheri we 2007-nji ýylda Köne we Täze Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň bütindünýä maddy gymmatlyklarynyň sanawyna girizildi. Munuň özi biziň Watanymyzyň bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda ençeme döwletleri, imperiýalary döredip, ýer ýüzüne hökümdarlyk eden hanlaryň, soltanlaryň topragy bolandygyny we dünýäniň medeni gymmatlyklaryna hem ägirt uly goşandyny goşandygyny görkezýär. Şol sanda ÝUNESKO-nyň bütindünýä maddy däl gymmatlyklarynyň sanawyna hem ýurdumyzyň birnäçe millilikleri girizilip ebedileşdirildi. Olardan: 2015-nji ýylda “Görogly” dessançylyk sungaty, 2017-nji ýylda türkmeniň milli küştdepdi tans dessury we 2019-njy ýylda bolsa halyçylyk sungatymyz girizildi. Elbetde, bularyň ählisi diňe bir türkmen halkynyň milli gymmatlyklary bolman, ýer ýüzünde özüniň aýratynlyklary, täsinligi bilen tapawutlanyp, tutuş adamzadyň gymmatlygy hökmünde umumadamzat genji-hazynasynyň sanawyna girizildi.
Ýurdumyzyň bu medeni we ruhy miraslary kanunçylyk esasynda döwlet goragynda saklanylýar. 2015-nji ýylda ÝUNESKO-nyň talaplaryndan ugur alýan düzgünlere esaslanyp, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan “Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle hem şol ýylda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli maddy däl medeni mirasyny toplamagyň, hasaba almagyň, öwrenmegiň we gorap saklamagyň 2015-2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we ony durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy kabul edildi. Bu resminamalaryň baş maksady milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklamakdan we olary geljekki nesillere üýtgewsiz ýetirmekden ybarat. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen “Bilim hemmeler üçin” diýen Jarnamasyna goşuldy hem-de ony doly derejede berjaý edýär.
Garaşsyz hem baky Bitarap Watanymyzda türkmeniň adyny özleriniň ajaýyp şygyrlarynda, gyzyldan gymmatly kyssa eserlerinde, dürdäne setirlerinde şöhlelendirip, bütindünýä tanadan beýik şahyrlarymyza, ussat ýazyjylarymyz we dana akyldarlarymyza, alymlarymyza hem uly sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşlarynyň birinde “Türkmen edebiýatynda özüniň ajaýyp eserleri bilen çuňňur yz galdyran ussatlar az däl. Men Azadynyň, Andalybynyň, Magtymgulynyň, Keminäniň... öňünde baş egýärin ” diýip belleýär. Hakykatdan hem türkmen topragyna kemala gelip, onuň milliligini dünýä ýaýan, “türkmen” adyny şöhratlandyran akyldarlarymyzy sanasaň sogaby kän. Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň olaryň atlary baky ebedileşdirildi, dürdäne eserleriniň täze neşirleri çykaryldy we dünýäniň ençeme dillerinde terjime edildi. Paýtagtymyz Aşgabatda olara bagyşlanylyp ýörite iki tapgyrdan ybarat bolan “Ylham” seýilgähi ýadygärlikler toplumy açyldy. 2014-nji ýylda “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, göteriler ol ykbaly türkmeniň” diýip arzuwlap geçen, “Dünýäniň Elbrusy” hasaplanýan türkmeniň söwer ogly Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy bütindünýä derejesinde bellenilip geçildi. Hormatly Prezidentimiz özüniň jöwher galamynyň astyndan çykan ajaýyp kitaplarynda hem olaryň ählisi barada söhbet açyp, bu beýik akyldarlarymyzyň türkmen döwletiniň şu günki derejelerine ýetmekde nähili beýik işleri bitirendiklerini belläp geçýär. Elbetde, bularyň ählisi beýik akyldarymyzyň arzuwlarynyň artygy bilen amala aşan döwletli döwranyna ýetilendiginiň aýdyň güwänamasy bolup durýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilime, medeniýete-sungata, milli mirasymyza goýulýan sarpa örän ýokarydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hut özi bu ugurlary üns merkezinde saklap, biz ýaşlara ähli babatda görelde mekdebini görkezýär. Özüniň her bir çykyşlarynda, esasanam ýaşlar bilen duşuşyklarynda hormatly Prezidentimiz, biziň öz aslymyzy, müňýyllyklaryň gatlaryna siňen baý taryhy-geçmişimizi çuňňur öwrenmelidigimiz, Garaşsyzlygymyzyň bize beren baky mizemejek miwelerini sarpalap, olary Watanymyzyň geljekki nesilleri üçin gorap saklamalydygymyzy we baky Bitaraplygymyzyň esasynda alnyp barylýan parahatçylykly syýasatyň astynda dünýä ýüzünde olary ykrar etdirmelidigimizi berk nygtap geçýär.
Elbetde, şeýle ajaýyp Diýarda ýaşap, okap, işläp onuň waspyny etmezlik mümkin däl:
Il-gün jebis, agzybir, asudadyr asmanym,
Göýä “Jennet” mysaly, läle-reýhan bossanym.
Adyň dillerde dessan, Eziz Türkmenistanym!
Mukaddes Watanymyň, kuwwaty Garaşsyzlyk!
Uzady alyslara dost-doganlyk ýollary,
Bir-birege gol berdi, munda dünýäň illeri.
Täze röwşe beslenýär, Jeýhun-Hazar gülleri,
Beýikligi döwrümiň, gymmaty Garaşsyzlyk!
Goý, Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesi mundan beýläk hem has-da belentliklere göterilsin! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilime, medeniýete, sungata uly sarpa goýup, ýurdumyzy beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň tutýan beýik tutumlary elmydama uly rowaçlyklara beslensin!
Tawus AKJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI