Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Ykdysady diplomatiýasy / «TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERI» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT
    «TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERI» ATLY  YLMY-AMALY MASLAHAT
    «TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERI» ATLY  YLMY-AMALY MASLAHAT
    «TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERI» ATLY  YLMY-AMALY MASLAHAT
    «TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERI» ATLY  YLMY-AMALY MASLAHAT
    «TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERI» ATLY  YLMY-AMALY MASLAHAT
    «TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERI» ATLY  YLMY-AMALY MASLAHAT
    «TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERI» ATLY  YLMY-AMALY MASLAHAT
    «TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERI» ATLY  YLMY-AMALY MASLAHAT
    29/04/2024

    1427

    «TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERI» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT

    2024-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor - mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
    Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atageldi Haljanowyň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligiň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Ylham Ýaraşowyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy Gurbangeldi Aşyrowyň we Bütindünýä söwda guramasynyň Birikdirmeler bölüminiň hünärmeni Anna Warýanikiň sanly ulgam arkaly çykyşy diňlenildi. Maslahatda çykyş edenler 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda öňde goýlan wezipeleriň hatarynda Türkmenistan bilen Bütindünýä söwda guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada belläp geçdiler.
    Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde çykyş edenler 2020-nji ýylyň iýul aýynda bu guramada Türkmenistanyň synçy derejesini alandygyny, 2022-nji ýylyň fewral aýynda BSG-niň Ženewada geçirilen Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň BSG-niň doly hukukly agzasy bolmak üçin ýüz tutmagynyň netijesinde Türkmenistana BSG-na goşulyşýan döwlet (“işjeň synçy”) derejesini bermek hakynda karara gelnendigini, şeýle hem BSG-niň Sekretariaty bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde öňde duran birnäçe ugurlar barada teklipler öňe sürlendigi aýdyldy.
    Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygyny dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

    Perhat ÇARYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    «Ýaş ykdysatçylar» ylmy gurnagynyň nobatdaky geçirilen duşuşygy surady

    25/04/2025

    «Ýaş ykdysatçylar» ylmy gurnagynyň nobatdaky geçirilen duşuşygy
    YKDYSADY DIPLOMATIÝA UGRY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY surady

    18/04/2025

    YKDYSADY DIPLOMATIÝA UGRY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY
    MAÝA GOÝUMLARY DÜZÜM TAÝDAN KÄMILLEŞDIRMEGIŇ ESASY UGURLARYNA BAGYŞLANAN 	OKUW SAPAGY surady

    10/04/2025

    MAÝA GOÝUMLARY DÜZÜM TAÝDAN KÄMILLEŞDIRMEGIŇ ESASY UGURLARYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI