24/11/2025
86
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Hökümetara toparlar – ykdysady diplomatiýanyň guraly hökmünde» atly okuw sapagy geçirildi. Oňa institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Okuw sapagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Gyzylgül Gurbanmuhamedowa Hökümetara toparlar we olaryň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň esasy ugurlary, olaryň iş ýüzündäki orny barada bellenilip geçildi.
Duşuşyk talyplar üçin örän täsirli bolup, olar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogap aldylar.
Kemal DÖWLETÝAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.
Soňky täzelikler
17/06/2025
YLYMDA EMELI AŇYŇ ORNY