
45
YLYMDA EMELI AŇYŇ ORNY
2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ylymda emeli aňyň orny» atly okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagyna institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Bu okuw sapagyny Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň mugallymy G.Gurbanmuhamedowa alyp bardy. Sapagyň dowamynda emeli aňyň häzirki döwürde bilimde, ylymda, ykdysadyýetde möhüm orun eýeläp başlandygy we geljekde dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depginini iki esse artdyryp biljekdiginiň çaklanylýandygy dogrusynda bellenildi. Sapagyň dowamynda oňa gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallary bilen mugallyma ýüzlendiler.
Mahym KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.