17/11/2026
69
YKDYSADY DIPLOMATIÝA UGRY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY
2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň “Ykdysady diplomatiýa” ugry boýunça institutyň talyplaryna “Energetika – ykdysadyýetiň kuwwatly faktory hökmünde “Ýaşyl ykdysadyýetli ösüş” atly temadan okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlarynyň kandidaty Öwezmyrat Bäşimow alyp bardy.
Sapakda energetika diplomatiýasynyň häzirki döwürde halkara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekdäki wajyplygy, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda giňişleýin gürrüň berildi. Energetika ulgamynda utgaşykly hyzmatdaşlygy alyp barmak we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly ýetirmek meselesi halkara syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Sapak sorag-jogap görnüşinde geçirildi. Talyplaryň soraglaryna anyk mysallaryň üsti bilen jogap berildi.
Ogulhajat NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
03/04/2026
NOBATDAKY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
24/11/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
17/06/2025
YLYMDA EMELI AŇYŇ ORNY