30/11/-0001
609
Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi adam hukuklarynyň aýrylmaz bölegidir
Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi adam hukuklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulmagynyň jar edilmegi, döwlet işinde şol hukuklardan we azatlyklardan ugur alynmagynyň türkmen döwletiniň möhüm ýörelgeleriniň biridigi barada «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynda hem-de Bitarap Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalary hakynda Jarnamada berkidilendir. Bu namalarda Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulýandygy, şeýle hem adamyň we raýatyň dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen we halkara hukuk namalarynda berkidilen esasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň ykrar edilýändigi we hormatlanýandygy nygtalýar. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi, munuň özi diňe bir türkmen halkynyň parahat durmuşynyň kepili bolman, eýsem sebitde, dünýä ýüzünde parahatçylygyň tarapdary bolup çykyş edýär.
Adam, onuň mizemez hukuklary we azatlyklary şol jemgyýetiň esasy gymmatlyklary bolup durýar. Bitarap Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalary hakyndaky Jarnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy, şahsyýetiň erkin ösmegi üçin ähli şertleri döretmek hyjuwyny aýdyň görkezdi. Jemgyýetiň we döwletiň demokratik ýörelgelerini we hukuk esaslaryny berkitmek, her bir adamyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki raýatlyk hukuklaryny, azatlyklaryny amala aşyrmak, bu ugurda halkara hukuk kadalaryna we dünýä siwilizasiýasynyň gazananlaryna ygrarlylyk hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Şonuň bilen birlikde, Esasy Kanunda kesgitlenen adam hukuklarynyň türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik, adalatlylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, rehimlilik, myhmansöýerlik ýaly häsiýetler bilen berk baglydygy bellärliklidir. Bu bolsa umumy ykrar edilen adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň halkymyzyň ruhy we medeni kuwwatyna laýyk gelýändigini hem-de jemgyýetiň we döwletiň ösüşinde öňe gidişligi şertlendirýändigini aňladýar. Türkmenistan dünýä bileleşigine demokratik gymmatlyklara, dünýäde umumy ykrar edilen adam hukuklaryna we azatlyklaryna ygrarlydygyny görkezdi. Türkmenistanda adam hukuklaryny üpjün etmek üçin şertleriň döredilmegi milli kanunçylygy kämilleşdirmek, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik institutlarynyň işini demokratiýalaşdyrmak bilen aýrylmaz baglydyr. Esasy Kanunda beýan edilen hem-de halkara kadalarynda ornaşdyrylan raýatlaryň esasy hukuklary we azatlyklary ýurdumyzyň ýörite kanunçylyk namalarynda jikme-jik berkidilendir.
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty, yhlasly türkmen halkynyň zähmeti bilen ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi gazanyldy, il-ýurt bähbitli döwletli işlere badalga berildi. Ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn içeri we daşary syýasatyň netijesinde, syýasy, ykdysady, durmuş, hukuk özgertmeleri, şol bir wagtda hususy eýeçilige geçilmegiň, raýat jemgyýetiniň ösdürilmegiň, ýurdumyzda adam hukuklarynyň hemmetaraplaýyn üpjün edilmegini, olaryň mümkinçiliklerini, başarnyklaryny durmuşa geçirmegiň amatly şertini döretdi.
Häzirki wagtda adam hukuklary boýunça, şeýle-de aýry-aýry ugurlar boýunça adam hukuklaryny berjaý etmäge gönükdirilen çäreler yzygiderlilikde meýilleşdirilip ulgamlaýyn alyp barmak Türkmenistanyň adam hukuklaryny berjaý etmek tejribesine ornaşdyryldy. Bu tejribe bir tarapdan döwletimiziň adam hukuklaryny gyşarnyksyz yzygiderli berjaý edýänligini görkezýän bolsa, beýleki bir tarapdan bu işleriň ulgamlaýyn alnyp barylmagynyň oňyn netijelerini görkezýär. Şol nukdaýnazardan, bu işleri dowam etdirmek maksady bilen geljekki ýyllar üçin meýilnamalar tassyklanyldy. Olar «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 − 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy», «Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy», «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy», «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» tassyklandy.
Türkmenistanda häzirki döwrüň derwaýys meselelerine degişlilikde, ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek temasy aýratyn orun eýeleýär. Biziň ýurdumyz BMG-niň Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynda yglan edilen adamyň hukuklaryny üpjün etmeklige we goramaklyga gönükdirilen esasy ýörelgeleri we institutlary birleşdirýän halkara ynsanperwerlik hukugy çygrynda öz borçnamalaryny gürrüňsiz ýerine ýetirýän döwlet hökmünde görkezýär.
Umuman, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kanuny kepillikleriniň üpjün edilmegi we ol hukuklaryň we azatlyklaryň iş ýüzünde berjaý edilmegi hakynda alnyp barylýan bimöçber işleriň binýadyny pugtalandyrmakda hormatly Prezidentimiz tarapyndan taýsyz tagallalar edilýär.
Dürli BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk
öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy.