16/10/2026
28
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ DIPLOMATIK NUSGASYNA BAGYŞLANAN YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň guramagynda «Döwlet Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplyk: parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň diplomatik nusgasy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahaty institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Baýrammyrat Almyradow alyp bardy. Onda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň professory, sosiologiýa ylymlarynyň doktory Öwezdurdy Muhammetberdiýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň redaksiýasynyň jogapkär kätibi Akmuhammet Jumagulyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň hünärmeni Dünýägözel Baýmyradowa hem-de Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy Maral Orazgylyjowa çykyş etdiler.
Çykyşlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, durnukly ösüşi we dostlukly gatnaşyklary berkitmek üçin diplomatik gurala öwrülendigi barada bellenildi. Şeýle hem dünýä jemgyýetçiligi onuň tutuş sebit üçin ähmiýetini ykrar edip, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň birnäçe gezek tassyklanandygy nygtaldy. Mundan başga-da, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan tarapyndan parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde öňe sürlen başlangyçlaryň hem-de kabul edilen kararnamalaryň ähmiýeti barada aýtdylar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Watanymyzyň Garaşsyzlygyny berkitmek we ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Rahym AKMURADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy
Soňky täzelikler
28/08/2026
Ylmy-amaly maslahat geçirildi
24/06/2026
YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI