21/04/2026
9
TÜRKMENISTANYŇ BELGIÝA PATYŞALYGYNDAKY ILÇIHANASYNDA GEÇIRILEN TÄSIRLI DUŞUŞYK
Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasy (Brýussel şäheri) Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilhanasy hökmünde hem çykyş edýär. 2026-njy ýylyň 14-16-njy aprelinde Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel we Brýugge şäherlerinde Ýewropa Bileleşigi we onuň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy barada okuw maksatnamasyna gatnaşan Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary üçin Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasynda aýratyn duşuşyk guraldy. Onda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Pälwanow ýurdumyzyń Ýewropa ugrundaky diplomatik işiniň amaly taraplary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi özüniň işleýän döwründe diplomatik iş tejribesi, ilçihananyň diplomatlarynyň Türkmenistanyň Belgiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary we Ýewropa Bileleşiginiň institutlary bilen alnyp barylýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada giňişleýin maglumat berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň halkara derejesinde, şol sanda BMG-niň çäginde öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlarynyň Ýewropa sebitinde dabaralandyrylmagy boýunça amala aşyrylýan has takygy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly şygary bilen baglanyşykly çäreler barada hem gürrüň edildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebit we halkara durnuklylygyny üpjün etmegiń ähmiýeti barada hem durlup geçildi. Ilçihananyň diplomatlary tarapyndan halkara guramalarynyň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň çäginde Türkmenistanyň öňe sürýän “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly taglymatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi barada anyk mysallar getirildi.
Täsirli geçen duşuşygyň ahyrynda Ilçihananyň tejribeli diplomatlary tarapyndan okuw maksatnamasyna gatnaşýan ýaş hünärmenlere geljekki diplomatik işleri üçin peýdaly maslahatlar berildi.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy.