12/06/2023
888
Türkmenistanda şaýbaly hokkeý boýunça ilkinji okuw kitaby neşir edildi
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Munuň netijesinde türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ata Watanymyzyň sport abraýyny barha belende göterýärler. Soňky ýyllarda ýurdumyzda uly depgin bilen kämilleşýän sport görnüşleriniň biri-de şaýbaly hokkeý hasaplanýar. Muňa Türkmenistanyň dürli ýaşdaky hokkeý ýygyndylarynyň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri hem şaýatlyk edýär. Golaýda türkmen türgenleriniň sportuň bu görnüşi boýunça nazary we amaly bilimlerini artdyrmak üçin «Şaýbaly hokkeýiň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw gollanmasy çapdan çykdy. Biz hem Türkmenistanyň taryhynda şaýbaly hokkeý sportuna degişli ilkinji okuw gollanmasynyň neşir edilmegi mynasybetli, kitabyň awtorlarynyň biri, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Şir» hokkeý klubynyň ýolbaşçysy Aşyr Hojakulyýewe öz sowallarymyz bilen ýüzlendik:
— Aşyr aga, ilki bilen, ýurdumyzda şaýbaly hokkeý sportuna degişli ilkinji okuw gollanmasynyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, şeýle neşirleriň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris! Söhbetimizi okuw gollanmasy bilen gysgaça tanyşlykdan başlaýaly!
— Sag boluň! Baş üstüne! «Şaýbaly hokkeýiň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitabynda sportuň hokkeý görnüşiniň düzgünleri, gerekli enjamlary, bu oýna eminlik etmek ýaly meselelerde zerur maglumatlar esasynda ýokary derejeli hokkeýçileri taýýarlamagyň häzirki zaman ulgamynyň gurluşy açylyp görkezilýär.
— Ýaňy hem belleýşimiz ýaly, bu okuw kitaby ýurdumyzda şaýbaly hokkeý sportuna degişli ilkinji okuw gollanmasy bolup durýar. Şonuň üçin-de, bu okuw kitabyny taýýarlamak jogapkärçilikli zähmeti talap eden bolsa gerek?!
— Hawa, islendik ugurda ilkinji ädimleri ätmek, hemişe tutanýerli zähmeti, irginsiz yhlasy talap edýär. Ýurdumyzda şaýbaly hokkeýiň ýaş sport görnüşleriniň biridigi sebäpli hem biz bu sport görnüşinde ussat türgenleri taýýarlamak boýunça dünýä tejribesine has köp salgylanmaly bolduk. Has takygy, okuw kitaby taýýarlanylanda, şaýbaly hokkeýiň kämilleşmegine öz mynasyp goşantlaryny goşan meşhur alymlaryň dürli ýyllarda ýazan işlerinden, olarda öňe sürlen, sportuň bu görnüşine ýöriteleşdirilen taglymatlardan ugur almaga çalyşdyk. Şeýle-de internet maglumatlaryndan, türkmen sportundaky hünärmenleriň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlarynyň okuw edebiýatlaryndaky degişli maglumatlardan peýdalandyk.
— Okuw kitabyny taýýarlamakda esasy göz öňünde tutan maksatlaryňyz nämelerden ybarat?!
— Bu okuw kitabyny döretmekden esasy maksadymyz ýurdumyzda şaýbaly hokkeý boýunça ýaş zehinleriň seçilip alnyş döwründen tä ussat türgenlige, milli ýygyndymyzyň agzalygyna çenli geçjek ýolundaky amal edilmeli wezipeleri nazary we usuly taýdan bir bitewi ulgam hökmünde degişli hünärmenlere we bu ugurdan bilim alýan talyplara, ýetginjek türgenlere hödürlemekden ybarat. Hut şonuň üçin-de, okuw kitabymyzda hokkeýçileri taýýarlamagyň köpýyllyk tapgyrlary, hokkeý mekdepleriniň gurluşy, olaryň ýerine ýetirýän işiniň esasy düzgünleri, taýýarlyk toparlary we ýyllary boýunça okuw sapaklarynyň mazmuny, şeýle hem taýýarlygyň tapgyrlary boýunça degişli kadalar beýan edilýär.
— Aşyr aga, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Biz hem dünýäniň sport arenasynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etjek ýaş hokkeýçileri taýýarlamak ýaly jogapkärli işiňizde täze-täze üstünlikleri arzuw edýäris!
— Köp sag boluň!
Söhbetdeş bolan: Mätgurban MÄTGURBANOW,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Biznes reklama».
Çeşme şu ýerden alnan:
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI