30/11/-0001
504
Türkmenistanda adam hukuklaryny goramakda parlament diplomatiýasynyň orny
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna
Biziň halkymyz Garaşsyzlygyna eýe bolup, umumy ykrar edilen ýörelgeler bilen birlikde türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däp-dessurlaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasyny 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul etdi. Ine, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esaslandyrylmagyna 30 ýyl dolýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy özygtyýarly döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolmak bilen, halkymyzyň bitewülik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk we adalatlylyk baradaky köpasyrlyk arzuwlaryny şöhlelendirýär.
Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmensitan Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň agzasy bolup garaşsyzlyk ýyllarynda adam hukuklary babatynda halkara konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň we ylalaşyklarynyň esasylaryna goşuldy. Möhüm halkara resminamalaryna gatnaşmaklyk bilen olaryň milli derejede netijeli durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar. Şunuň bilen bagly ýurdumyzda halkara borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Ýagny, ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygynyň hemişelik esasda seljerilmegi we onuň kämilleşdirilmegi, onuň kadalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamsydyr. Şeýle subutnamalaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň adam hukuklary we azatlyklary babatda döwletimiziň gatnaşýan esasy halkara şertnamalarynyň, kadalarynyň milli kanunçylyga işjeň ornaşdyrylmagy, ýurduň bu babatda öz üstüne alan halkara borçanamalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirmegi baradaky meselelere aýratyn ähmiýet berilmegi baradaky syýasatyndan ugur alnyp, Türkmensitanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşine Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipä saýlanylmagynyň tertibi hakynda kadanyň girizilmegidir.
Mälim bolşy ýaly, 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda adamyň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny beýan eden ilkinji resminamasy bolan Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasy kabul edildi. Bu jarnamanyň şeýle möhüm ähmiýete eýedigi göz öňünde tutulyp, onuň kabul edilen güni bolan dekabr aýynyň 10-y Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Adam hukuklarynyň güni” diýlip ykrar edildi. Türkmenistan döwleti hem öz milli kanunçylygynda şu jarnama esaslanýar.
Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda özara hormat goýmaklyga oňşuklylyga ynsanperwerlige esaslanyşy ýaly özüniň içerki durmuşynda-da şol ýörelgelerden ugur alýar. Döwletde we jemgyýetde milletara we sebitara ylalaşygyň, geçirimliligiň, durmuş hyzmatdaşlygyň ykrar edilmegi Türkmenistanyň döwletiniň içerki syýasatynyň öňe tutýan ugrudyr. “Adam türkmen döwletiniň baş gymmatlygydyr, ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeler, ozaly bilen halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga adamlaryň bähbitlerini goramaga gönükdirilendir” diýmek bilen, häzirki wagtda häzirki hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda adam hukuklary ugrunda dürli görnüşdäki döwlet ähmiýetli çäreler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy ilat üçin deňhukuklylygy kepillendirýär. Adam hukuklary babatda mesele döwletimizde amala aşyrylýan ykdysady we syýasy özgerişikler bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu mesele her bir raýatyň azatlygyna, abadançylygyna, işine, durmuşyna, mertebesine degişlidir. Esasy Kanunymyzyň 26-njy maddasynda şeýle berkidilen: “Adamyň hukuklary we azatlyklary eldegrilmesizdir hem-de aýrybaşgalanmasyzdyr.”. Türkmenistanda ýaşaýan raýatlaryň hemmesine olaryň haýsy millete degişlidigine, gelip çykyşyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dini garaýşyna, syýasy ygdykatyna, haýsy partiýa degişlidigine garamazdan, olaryň deňhukuklylygy we azatlyklary Konstitusiýamyz tarapyndan kepillendirilýär.
Türkmenistan döwletimizde raýat jemgyýetiniň düzümleriniň ösdürilmeginde, ýurdumyzda köppartiýalylyk ulgamynyň emele gelmeginde, demokratik gymmatlyklary, adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramakda, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady işjeňligini we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmakda milli parlamentiň aýratyn orny bardyr.
Parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi dünýä derejesinde, halkara düzümlerinde Türkmenistanyň syýasy-diplomatik ädimleriniň işjeňleşdirilmegine ýardam berýär. Daşary syýasat ulgamynda bitarap döwletimiz tarapyndan ählumumy meseleleriň çözgüdi boýunça öňe sürülýän başlangyçlary goldamak we wagyz etmek parlamentarileriň esasy wezipesi bolup durýar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň dürli ýurtlaryň parlamentleri bilen döreden parlamentara dostluk toparlarynyň sanynyň artdyrylmagy, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de beýleki halkara düzümleri bilen ýola goýlan özara bähbitli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliginiň netijeli herekete getirilýändigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara gatnaşyklary muňa mysal bolup biler, Türkmenistanyň Prezidentiniň GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Soçide geçirilen mejlisine gatnaşmagy muny tassyklaýar.
Türkmen parlamentiniň wekilýetiniň 2017-nji ýylyň maý aýynda VIII Newa ekologiýa kongresine, ondan ozal bolsa Kazanda geçirilen “Russiýa-yslam dünýäsi” Halkara ykdysady sammitine gatnaşmagy türkmen parlamentiniň işjeň we köpugurly işleriniň subutnamasydyr. Newa ekologiýa forumynda türkmen parlamentarileri Türkmenistany Araly halas etmegiň Döwletara gaznasyna başlyklyk ediji ýurt hökmünde beýan edendigini aýratyn bellemek bolar. Şunuň bilen baglylykda, olar “Aral deňziniň häzirki meseleleri we geljekki mümkinçilikleri” ady bilen geçirilen tegelek stoluň işine gatnaşdylar. Şeýle hem Newa forumynyň maksatnamasynyň işewür bölüminiň çäklerinde, GDA agza döwletleriň Parlamentara assambleýasynyň guramaçylarynyň biri hökmünde çykyş etmek bilen, ekologiýa düşünjeliligiň ösdürilmegine, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde sebitara we serhetýaka hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine, ekologiýa ulgamyna degişli tehnologiýalaryň ösdürilmegine, sagdyn gurşawyň, adam durmuşynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilen kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri görkezdi.
2022-nji ýylyň maý aýynyň başynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň parlamentara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň bilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde türkmen-türk parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň dürli meselelerine seredilip, parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de özara geňeşmeler arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy.
Şeýle hem 2022-nji ýyly 4-nji maýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen geçiren duşuşygynda hem parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda taraplar häzirki zaman şertlerinde parlamentara hyzmatdaşlygyň netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup hyzmat edýändigini bellediler.
Duşuşygyň dowamynda hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” bilelikdäki komitetiň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirildi. Taraplar soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň möhümdigini belläp, kanunçylyk ulgamynda özara tejribe alyşmak, ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklary hem-de geňeşmeleri yzygiderli geçirmek baradaky pikiri beýan etdiler.
Soňky ýyllarda halkara gatnaşyklara we daşary syýasat bilen bagly meselelere işjeň gatnaşmagy bilen, dünýäde parlamentleriň orny barha ýokarlanýar. Şoňa görä-de, döwletleriň alyp barýan umumy işinde parlament diplomatiýasyna möhüm ähmiýet berilýär. Diplomatiýanyň bu görnüşiniň esasy maksady ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi goldamaga, halk üçin has gowy wekilçiligi amala aşyrmaga, hökümetara institutlaryň demokratik esaslaryny berkitmäge gönükdirilendir. “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň 12-13-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň dialogy hem hut şu ugurlarda toplanan tejribäni paýlaşmak, oňa gatnaşyjy ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygynda parlamentara gepleşikleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda özboluşly pikir alyşma meýdançasyna öwrüler.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk
öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy.