16/01/2024
1218
TÜRKMENISTANDA ADALATÇY INSTITUTYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ WE KÄMILLEŞDIRILMEGINIŇ HUKUK ESASLARY
Türkmenistanda syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň strategiýasyny üpjün etmekde esasy orun adam hukuklaryna degişlidir. Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, jemgyýetiň öňe gidişligiň we erkinligiň ýoly boýunça ösüşi adam hukuklaryny giňeltmek we olaryň mazmunyny baýlaşdyrmak bilen aýrylmaz baglydyr. Jemgyýetçilik ösüşiniň her bir täze basgançagy adam hukuklaryny berjaý etmek we olaryň möçberini artdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Adam hukuklary we azatlyklary — bu döwletliligiň kämilligine, onuň demokratik derejesine, hukuk binýadyna, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygyna baha bermegiň baş çelgisidir. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynda berkidilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýändigini we hormatlaýandygyny yglan etdi. Häzirki wagtda ýurdumyz özüni dünýä giňişliginde demokratik jemgyýeti ösdürmäge gyzyklanma bildirýän döwlet hökmünde tanatdy. Mälim bolşy ýaly, adam, onuň mizemez hukuklary we azatlyklary şol jemgyýetiň esasy gymmatlyklary bolup durýar. Bitarap Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalary hakyndaky Jarnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy, şahsyýetiň erkin ösmegi üçin ähli şertleri döretmek hyjuwyny aýdyň görkezdi. Jemgyýetiň we döwletiň demokratik ýörelgelerini we hukuk esaslaryny berkitmek, her bir adamyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki raýatlyk hukuklaryny, azatlyklaryny amala aşyrmak, bu ugurda halkara hukuk kadalaryna we dünýä siwilizasiýasynyň gazananlaryna ygrarlylyk hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň ýurdumyz konwensiýalaryň we şertnamalaryň 140-dan gowragynyň gatnaşyjysy bolup, olar döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, durmuş ykdysady we ynsanperwer meseleleri çözmek boýunça halkara hukuk gatnaşygynyň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň adam hukuklary babatdaky konwensiýalarynyň düzgünlerini gyşarnyksyz ýerine ýetirýär, şeýle hem halkara ynsanperwer hukugyndan gelip çykýan borçnamalaryny üýtgewsiz berjaý edýär. Halkara gatnaşyklaryny netijeli, döredijilikli berkitmek maksadynda Türkmenistan iri abraýly guramalar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, beýleki düzümler bilen ysnyşykly gatnaşýar. Soňky ýyllarda BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyň depgini ep-esli ýokarlandy. Meýilnamalar taýýarlanylanda BMG-niň degişli komitetleriniň maslahatlarynyň hem-de ýurdumyzyň Köpugurly Döwürleýin Syn boýunça kabul eden maslahatlarynyň nazara alnandygyny bellemek gerek. Ynsanperwer ýörelgeleri, onuň döredijilik we ylalaşdyryjylyk kuwwatyny pugtalandyrmakda ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ornunyň artýandygyny aýratyn bellemek gerek. Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmeginiň çäklerinde degişli resminamalary kabul etmek arkaly ynsanperwerlik taglymlaryny we adam hukuklarynyň goralmagyny has-da ilerletmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunlukda, ýurdumyz: — “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Türkmenistanyň we Braziliýanyň Bilelikdäki beýannamasynyň awtory — “Aýallar we gyzlar babatda zorlugyň täsiri hakynda” BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň Aziýa we Ýuwaş ummany ýurtlarynyň sebitdäki toparynyň adyndan Bilelikdäki beýannamanyň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Her bir gyzyň bilim almaga bolan hukugyny deň amala aşyrmagy” atly Rezolýusiýasynyň, beýlekiler bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda başlangyjy beýan edilýän “Sportuň we Olimpiýa taglymynyň üsti bilen adam hukuklaryna ýardam bermek” Rezolýusiýasynyň, Türkmenistanyň Hökümetiniň başyny başlan medeni hukuklara ählumumy hormat goýulmagyna ýardam bermek maksady bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeni mirasyň goralmagyny höweslendirmek boýunça Bilelikdäki Beýannamanyň awtordaşy boldy.
Adalatçy her ýyl öz işi hem-de ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumaty Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň seretmegine berýär. Adalatçynyň her ýylky maglumaty köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilýär. Adalatçy öz işi bilen adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda bar bolan döwlet serişdeleriniň üstüni ýetirýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda adam hukuklary boýunça milli edaralaryň — Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň, şeýle hem bu Toparyň işini utgaşdyrýan Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hereket edýändigini bellemek gerek. Adam hukuklary, olary goramak, üpjün etmek ýurdumyzy ösdürmegiň maksady we esasy netijesi bolup, olar demokratik gymmatlyklary ugur edinýär. Adam hukuklaryny hormatlamak we goramak — bu döwlet häkimiýetiniň demokratiýalylygy gurulýan binýatdyr. Adamyň döwlet tarapyndan kepillendirilýän hukuklary we azatlyklary ykdysady we durmuş ösüşine bolan erki we ukyby döredýär, bu bolsa, öz nobatynda, hakyky asudalygy we tutuş adamzadyň ösüşini üpjün edýär.
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça milli edaralaryň — Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, Adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukugy babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça Pudagara topary, Adalatçynyň diwany üstünlikli öz wezipelerini we işlerini alyp barýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda biziň ýurdumyz adam hukuklary çygrynda halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýar. Muňa laýyklykda, Adam hukuklary boýunça Ählumumy Jarnamasynyň (1948-nji ýylyň 10-njy dekabry), Raýatlar we syýasy hukuklar hakyndaky Halkara Ylalaşygy (1966-njy ýyl 16-njy dekabry) we bu ylalaşygyň 2-nji fakultatiw Teswirnamasy (Ölüm jezasyny ýatyrmak barada), Gynamalara we çemeleşmegiň hem-de jezalandyrmagyň rehimsiz, adamkärçiliksiz mertebäni kemsidýän görnüşlerine garşy Konwensiýasy (1984-nji ýylyň 10-njy dekabry), Jynsy kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky Halkara Konwensiýasy (1965-nji ýyl 21-nji dekabry), Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky Halkara Konwensiýasy (1979 ýylyň 18-nji dekabry, güýje giren 1981ý 3-nji sentýabry), Çaganyň hukuklary hakyndaky Halkara Konwensiýasy (1989-njy ýylyň 20-nji noýabry), Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakyndaky Halkara Konwensiýasy (1951-nji ýylyň 28-nji iýuly) we adamyň hukuklaryna degişli beýleki dürli çygyrlardaky halkara guramalaryň kabul eden halkara hukuk namalarynyň we konwensiýalarynyň agzasy bolmagy ýurdumyzda adam hukuklarynyň kepillendirilýändigini we ileri tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Gülsenem HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara
hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI