Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / TÜRKMENISTAN—WENGRIÝA: Hazardan Dunaýa çenli aralyk uzagam bolsa, ol iki ýurduň halklarynyň hoşniýetli gatnaşyklaryny ýakynlaşdyrýar
    TÜRKMENISTAN—WENGRIÝA: Hazardan Dunaýa çenli aralyk uzagam bolsa, ol iki ýurduň halklarynyň hoşniýetli gatnaşyklaryny ýakynlaşdyrýar surady
    08/06/2023

    1040

    TÜRKMENISTAN—WENGRIÝA: Hazardan Dunaýa çenli aralyk uzagam bolsa, ol iki ýurduň halklarynyň hoşniýetli gatnaşyklaryny ýakynlaşdyrýar

    Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine girýän döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.
    Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly: «Ýewropa ugry Türkmenistanyň daşary syýasat we daşary
    ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar».
    Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän Ýewropa döwletleriniň birem Wengriýa Respublikasydyr. Iki
    döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 11-nji maýynda ýola goýlupdy.

    Wengriýa Respublikasy (Magyarorszag — Madýarlaryň (majarlaryň) ýurdy) — Merkezi Ýewropada ýerleşen döwletdir. Ol Awstriýa, Slowakiýa, Ukraina, Rumyniýa, Serbiýa, Horwatiýa we Sloweniýa bilen araçäkleşýär. 93 müň inedördül km meýdany tutýar. Ilaty 10,5 mln adam (2003 ý.). Ýurduň esasy bölegi Dunaý derýasynyň orta akymynda ýerleşendir. Günbatarda Alp, demirgazykda Karpat daglarynyň şahasy ýerleşýär. Wengriýa boksit, çal kömür, nebit, gaz, demir, mis, gurşun-sink magdanlaryna, mineral we termal suwlaryna baýdyr. Ýewropada iň uly termal köl bolan Hewiz kölüniň golaýynda balneologik palçykly kurort ýerleşýär.
    Wengrler fin-ugor dil maşgalasyna degişli bolup, olaryň ata watany Ural daglarynyň gündogar etekleri bolupdyr. B.e.I-V asyrlarynyň aralygynda günorta göçüp, ol ýerlerdäki türki-bolgar halklary bilen garyşypdyrlar. Hatda wengrler babatda ulanylan «onogur» — «on taýpa» ady (ýagny ýedi sany ugor taýpasy hem-de olara goşulyp soňra Karpat daglaryna tarap giden üç sany hazar taýpasy) soňra Wengriýa atly ýurduň adyny emele getiripdir. VII asyrda Hazar kaganlygynyň düzüminde bolan mahalynda-da wengrler öz medeniýetini saklapdyrlar. IX asyrda goňşy peçenegler, ruslar, dunaý bolgarlary tarapyndan gysylansoň, madýar taýpasynyň baştutany Almoşyň serkerdeligindäki ýedi sany ugor taýpasy Karpat daglarynyň sebitine göçüp barypdyrlar. Olar bu ýerlerdäki türki we slawýan taýpalaryny tabyn edip, öz döwletini döredipdirler.
    Wenger-türkmen gatnaşyklary müňýyllyklara uzap gidýär. Belli türkmen-gun serkerdesi Atilla hut Wengriýanyň çäklerinde Gun döwletini esaslandyryp, ýerli halklar bilen türki halklaryň gatnaşygynda täze döwrüň başyny başlapdy. Atilla hut Wengriýanyň çäklerinden Ýewropa ýöriş edip, Günbatar Rim imperiýasynyň ýykylmagyny çaltlaşdyrypdy. Ýewropalylaryň gulçulyk süteminden halas bolmagynda uly rol oýnapdy. Türkmen-wenger gatnaşyklarynyň indiki tapgyry Osman-türkmen döwleti bilen baglanyşyklydyr. Mohaç söweşinden soň (1526) Wengriýanyň esasy bölegi Osman döwletiniň täsirine düşýär. Wenger alymlary türkmenler bilen gyzyklanyp, olaryň edermenligi, arassa ahlaklylygy, edim-gylymlary we däp-dessurlary barada gyzykly maglumatlary galdyrypdyrlar. Olaryň içinde has gymmatlysy XIX asyryň ikinji ýarymynda Türkmenistana syýahat eden German Arminiý Wamberiniň «Orta Aziýa syýahat» atly eseridir. Onuň bu eseri türkmenleriň beýik şahyry Magtymgulyny Ýewropa tanadan eserleriň biridir. 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň alymlary Wengriýa bolan ylmy saparynda bu ýerde halkymyzyň taryhyna dahylly golýazmalaryň nusgalaryny getirdiler.
    Orta asyrlarda Wengriýanyň häzirki çäkleri Sisiliýanyň korollyk neberesi tarapyndan dolandyrylypdyr. Ýurt 1687-nji ýyldan başlap Gabsburglar neberesiniň düzümine giripdir. 1848-1849-njy ýyllarda Wengriýada Laýoş Koşutyň, Şandor Petefiniň baştutanlygynda milli rewolýusiýa bolup geçýär. 1867-nji ýylda Awstriýa we Wengriýa birleşip, birnäçe milletleri öz tabynlygynda saklaýan uly imperiýany döredipdirler. Onuň düzümine Awstriýa, Wengriýa, Çehiýa, Slowakiýa, Sloweniýa, Horwatiýa, häzirki Rumyniýanyň, Polşanyň, Italiýanyň we Ukrainanyň käbir bölegi girýärdi. Awstro-Wengriýada onlarça halklaryň wekilleri köpçülikleýin ýaşaýardylar.
    Birinji jahan urşunyň netijesinde Awstro-Wengriýa imperiýasy dargap, onuň ornunda beýleki milli döwletler bilen bir hatarda 1918-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Wengriýa Respublikasy döreýär. 1919-1944-nji ýyllarda ýurdy Mikloş Horti dolandyrdy. 1945-nji ýylyň 4-nji aprelinde sowet goşunlary Wengriýany faşistlerden azat etdi. 1946-njy ýylyň 1-nji fewralynda Wengriýa respublika diýlip yglan edildi. 1949-njy ýylyň awgustynda Wengriýa Halk Respublikasy döredildi. SSSR-iň täsiri bilen Wengriýada kommunistik düzgünli gurluşa geçildi. 1956-njy ýylyň wakalary halk köpçüliginiň bu gurluşdan närazydygyny has äşgär etdi. Wengriýanyň milli gahrymany Imre Nad SSSR-e garşy durup, onuň täsirinden çykmaga ymtyldy. Ýöne bu şowsuz tamamlandy. Ýewropada sosializmiň synmagy bilen Wengriýada hem demokratiýa we bazar ykdysadyýetine esaslanýan gurluş dikeldildi. 1990-njy ýylyň 25-nji martynda Wengriýada ilkinji gezek köppartiýaly saýlawlar geçirildi. Wengriýa 1999-njy ýylda NATO, 2004-nji ýylda Ýewropa Bileleşigine agza boldy. Wengriýa parlament respublikasydyr. Kanun çykaryjy häkimiýeti bir palataly Döwlet ýygnagyndan ybaratdyr. Ýurt administratiw taýdan 19 medýä (welaýata) bölünendir.
    XX-XXI asyryň sepgidinde Wengriýanyň ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösüp başlady. Wengriýa industrial-agrar ýurtdyr. Maşyn, lokomotiw, gämi gurluşygy ösendir. Wengriýa özüniň «Ikarus» awtobuslary bilen meşhurdyr. Oba hojalygynda bugdaý, mekgejöwen, gant şugundyry, günebäkar, üzüm köp öndürilýär. Maşynlary we enjamlary, oba hojalyk önümlerini we çig malyny, ýeňil senagat önümlerini eksport edýär. Wengriýa Ýewropada syýahatçylygyň ösen döwletleriniň biridir. Bu ýere ýylda 30 mln.adamdan gowrak turist gezmäge gelýär. Iri Balaton köli möhüm ähmiýetli halkara turistik merkezleriniň biridir.
    Wengriýa Merkezi Aziýa sebitinde Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly üns berýär. Munuň şeýledigine 2008-nji ýylyň 8-9-njy iýulynda Wengriýa Respublikasynyň Premýer-ministri Ferens Dýurçanyň Türkmenistana sapary hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu sapar türkmen-wenger döwletara gepleşikleriniň tapgyrynda möhüm ähmiýetli wakadyr. Taraplaryň hoşniýetli erk-islegleri we tagallalary arkaly soňky döwürde gatnaşyklar has konstruktiw we netijeli häsiýete eýe boldy.
    Ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär. Soňky ýyllaryň dowamynda düzüminde Wengriýanyň iň iri nebit-gaz kompaniýasynyň wekilleri bolan delegasiýalaryň birbada birnäçesi Aşgabada geldi. Ýewropa Bileleşigine girýän beýleki döwletler ýaly, Wengriýa hem Rissiýadan, Merkezi Aziýa respublikalaryndan we Azerbaýjandan gelýän nebit we tebigy gaz marşrutlarynyň ugurlaryny köpeltmek bilen gyzyklanýar. 2010-njy ýylda Wengriýanyň «IKR Babolna» paýdarlar jemgyýeti Ýolöten etrabynda 50 müň tonna däne saklaýan elewatory gurup, ulanmaga berdi.
    Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat strategiýasynyň halkyň bähbidinedigini türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň ösüşinde-de aýdyň görmek bolýar.

    Nesil. - 2011. - 8 noý.
    Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary instituty.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI