03/06/2024
774
Türkmenistan: syýahatçylyk mümkinçilikleri
Taryhyň dürli döwürlerinden habar berýän arheologik we binagärlik ýadygärlikler, tebigatyň gaýtalanmajak gözelligine eýe bolan künjekler, häzirki zaman şypahanalar ulgamy hem-de Hazaryň türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy — bularyň ählisi Türkmenistanyň daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özünde egleýän döwletdigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda soňky ýyllarda milli syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge hem-de ýurdumyza gelýän daşary ýurtly jahankeşdeleriň sanyny artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen 2024-nji ýylyň mart aýynda geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň çäginde hem daşary ýurtly myhmanlar tarapyndan türkmen topragynyň tüýs jahankeşdeleri özüne baglajak mekandygy aýratyn nygtaldy. Biz hem gazetiň şu sanynda jahankeşdeligiň möwsümi hasaplanylýan tomus paslynyň gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň etmegi makul bildik.
Taryhy syýahatçylyk
Adatça, adamlaryň köpüsi başga ýurtlara syýahat eden mahaly özünde geçmişiň açylmadyk syrlaryny saklaýan, ençeme ýüzýyllyklaryň wakalaryna şaýat bolan ýerlere — taryhy ýadygärliklere aýlanmagy gowy görýärler. Hususan-da, bize golaý sebitlerde — Merkezi Aziýada, Hazarýaka döwletlerinde ýaşaýan adamlarda taryhy syýahatçylyga meýil has ýokary hasaplanylýar. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, Türkmenistan şeýle maksatly syýahatçylar üçin örän gowy saýlawdyr. Sebäbi ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän gadymy Parfiýanyň durmuşyndan habar berýän Nusaý galalarynyň galyndylary, ekerançylygyň ilkinji medeni ojagy hasaplanylýan Änew, orta asyrlaryň gülläp ösüşlerinden bize miras galan Merw we Köneürgenç, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Dehistan, Daýahatyn ýaly ýadygärlikler, dünýä siwilizasiýasynyň sallançagy bolan ilkinji şäher döwleti Altyndepäniň galyndylary taryhy gowy görýän, taryh bilen gyzyklanýan islendik jahankeşdäni, islendik adamy biparh goýmaýar. Özi-de şeýle ýadygärlikler, taryhy ýerler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bar. Bu bolsa syýahatçylar üçin jahankeşdelik saparynyň ýol ugruny Türkmenistanyň islendik künjeginden beýleki nokadyna çenli guramaga mümkinçilik berýär. Bir söz bilen aýdanymyzda, Türkmenistana gelen her bir syýahatçynyň şöhratly taryhymyzdan nyşan bolan bu ýadygärliklerden galan täsirleri uzak wagtlap unutmajagy ikuçsuzdyr.
Ekologiýa syýahatçylygy
Türkmenistan tebigaty söýüji jahankeşdeler üçin hem birnäçe gözel ýerleri özünde jemleýän ýurt. Biziň ýurdumyza gelen jahankeşde islese deňiz kenarynda, islese aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giň sähralykda, islese gojaman daglarda wagtyny tebigatyň goýnunda geçirmäge mümkinçilik alyp biler. Ýurdumyzyň Hazarýaka sebitindäki Aý daglary islendik syýahatçyda seýrek gabat gelýän gözel görnüşleri bilen täsir galdyrsa, günorta-günbatar Türkmenistanda ýerleşýän Nohur obasy, Aýdere, Sumbar jülgeleri tebigatyň täsin owadanlygy arkaly jahankeşdeleri bendi edýär. Mundan başga-da, Köwata gowagy, Garagumuň ýalkymy ýaly ýerler syýahatçylary çekmek üçin örän amatlydyr. Jahankeşdeler Lebap welaýatynyň çägindäki Köýtendagda dag gözelligi bilen bir hatarda mundan millionlarça ýyl ozal ýaşap geçen dinozawrlaryň aýak yzlaryny öz gözleri bilen görüp bilerler. Şol bir wagtyň özünde Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän Umbardere şaglawugy, Kyrkgyz gowagy, Gaýnarbaba çeşmesi hem syýahatçylarda aýratyn täsir galdyrjak ýerlerdir. Daşary ýurtly jahankeşdeler Bathyz, Repetek ýaly goraghanalaryň çäginde türkmen topragynyň köp görnüşli faunasy we florasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Mahlasy, türkmen tebigaty hiç bir jahankeşdäniň ýadyndan çykmajak özboluşly ýakymly ýatlamalary galdyryp biljek aýratynlyklara eýe. Şonuň üçin-de ýurdumyzda ekologiýa syýahatçylygynyň hem geljegi diýseň uludyr.
Saglyk syýahatçylygy
Türkmenistan döwrebap şypahanalara baý ýurt. Şonuň üçin-de ýurdumyzda saglyk syýahatçylygyny ösdürmek üçin amatly şertler bar. Ýurdumyzdaky döwrebap şypahanalar tebigy melhemler bilen häzirki zaman lukmançylygynyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak arkaly ynsanlara şypa berýär. Bu bolsa saglygyny berkitmek isleýän daşary ýurtly jahankeşdeleriň uly gyzyklanmasyna sebäp bolýar. Ýurdumyzdaky şypahanalaryň ýerleşýän ýerlerindäki amatly howa şertleri, Gün şöhlesi, mineral suwlary, gözel tebigaty hem-de bejeriş usullary saglygyňy bejermekde-de, berkitmekde-de örän netijelidir. Şeýle şypahanalaryň hataryna Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Arçman», «Ýyly suw» we «Bagabat», Balkan welaýatyndaky «Mollagara» we «Awaza», Diýarymyzyň demirgazyk welaýatyndaky «Daşoguz», Lebap welaýatyndaky «Farap», Mary welaýatyndaky «Baýramaly» hem-de Aşgabat şäherindäki «Berzeňňi» şypahanalaryny goşmak bolar. Olaryň her biri ynsan saglygynyň belli-belli ugurlarynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär. Hususan-da, «Baýramaly» şypahanasy böwrek, ýürek kesellerini, «Mollagara» şypahanasy daýanç-hereket, nerw ulgamlarynyň kesellerini, «Farap» we «Arçman» şypahanalary aşgazanyň, bagryň, öt çykaryjy ýollaryň, ýürek-damar, nerw ulgamlarynyň kesellerini, «Ýyly suw» şypahanasy kükürtli, wodorodly, bromly, ýodly suw guýularynyň kömegi bilen aşgazan-içege, periferiki nerw, daýanç-hereket, endokrin ulgamlarynyň kesellerini, «Berzeňňi» şypahanasy gastrit, holesistit, pankreatit, kolit, osteohondroz, osteoartrit kesellerini, ýanykdan soňky ýaralary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşen «Awaza» şypahanasy peşew çykaryş we jyns agzalarynyň, bogunlaryň, deriniň, galkan şekilli mäziň kesellerini, «Daşoguz» şypahanasy daýanç-hereket, nerw, peşew çykaryş, endokrin ulgamlarynyň kesellerini, deriniň, jyns agzalarynyň näsazlyklaryny, «Bagabat» şypahanasy dem alyş, daýanç-hereket, endokrin ulgamlarynyň, şeýle hem ýürek-damar, nerw kesellerini bejermeklige ýöriteleşendir. Bu şypahanalaryň ählisiniň ýurdumyzyň özboluşly tebigata eýe künjeklerinde ýerleşmekleri daşary ýurtly syýahatçylara hem saglyklaryny berkitmäge, hem Türkmenistanyň täsin tebigaty bilen tanyşmaga şert döredýär.
Dynç alyş syýahatçylygy
Dynç almak üçin ýurdumyza gelýän jahankeşdeleriň ilkinji ünsüni çekýän ýer «Awaza» milli syýahatçylyk zolagydyr. 2009-njy ýylda işe başlan bu syýahatçylyk zolagy häzirki wagtda bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň 10 müňden gowragyny kabul edip bilýän 18 sany myhmanhanany, 8 sany dynç alyş we sagaldyş merkezini, şol sanda 1 müň 380 orunlyk çagalar dynç alyş merkezini hem-de 9 sany kottejler toplumyny özünde jemleýär. Şeýle-de bu ýerde dynç alýanlar we syýahatçylar üçin niýetlenen 4 sany seýilgäh bolup, olardan 2-si oýun attraksionly seýilgählerdir. Umumy meýdany 83 müň 600 inedördül metr bolan teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimlerini, amfiteatry, çagalar üçin attraksionly oýun meýdançalary, köp sanly kafeleri we restoranlary, gök zolaklary, tehniki desgalary öz içine alýan seýilgähler dynç almaga gelýän jahankeşdeleriň wagtlaryny hoş geçirmeklerine şert döredýär.
2018-nji ýylyň iýulynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda umumy meýdany 30 gektar bolan akwapark ulanylyşa berildi. Akwaparkyň düzümine suw attraksionlary bilen bilelikde dürli ýaşdaky dynç alýanlaryň we syýahatçylaryň ýokary isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen gurlan beýleki desgalar hem girýär.
Uzynlygy 7 kilometr, ini 50-den 70 metre we çuňlugy 4 metre ýetýän «Awaza» derýasy syýahatçylyk zolagynyň iň iri we özboluşly desgalarynyň biridir.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda jahankeşdeler ýahtalaryň, gaýyklaryň, katerleriň, katamaranlaryň, suw paraşýutlarynyň hem hyzmatyndan peýdalanyp bilýärler. Bu bolsa olara emeli derýada ýa-da açyk deňizde gezelenç etmäge şert döredýär. Mundan başga-da, syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän jemgyýetçilik iýmiti nokatlary türkmen we dünýä aşhanasynyň iň datly tagamlary bilen bu ýere gelýänleriň göwünlerini awlasa, dürli sport meýdançalary syýahatçylaryň we dynç alýanlaryň saglyklaryny berkitmekleri üçin niýetlenendir.
Türkmenistana dynç almaga gelýän daşary ýurtly syýahatçylar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndan başga-da, ençeme desgalary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren Aşgabat şäherini hem-de sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherini synlap, häzirki zaman türkmen binagärligi bilen tanyş bolup bilerler.
Jemleme hökmünde nygtasak, Türkmenistan syýasy we ykdysady taýdan örän asuda, ekologik babatda diýseň arassa tebigatly we medeni-taryhy nukdaýnazardan juda gadymy taryha eýe bolan ýurtdur. Syýahat ediljek ýurtda dünýäniň dürli ýerlerinden gelýän myhmanlaryň we jahankeşdeleriň howpsuzlygynyň kepili bolan parahatçylyk we asudalyk, syýahatçylaryň jan saglygyna ýaramly arassa tebigat, tämiz howa, jahankeşdelerde uly gyzyklanma döredýän täsin taryhy-medeni gymmatlyklar, özboluşly binagärlik ýadygärlikleri halkara syýahatçylygynda edilýän esasy talaplar hasaplanýar. Şolaryň ählisini özünde jemleýändigi üçin hem Türkmenistan dünýädäki her bir jahankeşdäniň hökman gelip görmeli ýurtlarynyň biridir.
Mätgurban MÄTGURBANOW,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby,
«Biznes reklama».
Çeşme: “Biznes reklama” gazeti – 03.06.2024 ý. // https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/151019