541
Türkmenistan — Özbegistan: dostlukly hyzmatdaşlygyň ösüşinde täze tapgyr
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Merkezi Aziýada ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine goňşy döwletleriň ählisi bilen özara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Döwletimiziň özara bähbitli gatnaşyklarynyň köpgyraňlylygy bilen tapawutlanýan strategik hyzmatdaşlarynyň biri-de Özbegistan Respublikasydyr.
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. Şol geçen döwrüň içinde Özbegistan Respublikasy ýurdumyzyň iri, ygtybarly hem ynamdar hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Ýadyňyzda bolsa, özbek Lideri Şawkat Mirziýoýew Prezidentlige saýlanandan soň, ilkinji daşary ýurt saparyny biziň ýurdumyza amala aşyrypdy. Munuň özi hem hoşniýetli goňşuçylygyň, özara hyzmatdaşlygyň, ynanyşmagyň nobatdaky dabaralanmasy bolupdy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 14-15-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasynda boldy. Bu sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimi alamatlandyrdy. Şol taryhy saparyň barşynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler we olaryň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar bar bolan ägirt uly kuwwatdan has netijeli peýdalanmak üçin giň mümkinçilikleri açýandygy bilen ähmiýetlidir. Şol gezek gepleşikleriň barşynda dostlukly döwletleriň Baştutanlary taraplaryň mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Netijede, strategik hyzmatdaşlygyň täze çelgileri kesgitlenildi. Sapar wagtynda öňe sürlen täze başlangyçlardyr gazanylan netijeler diňe bir türkmen hem özbek halklarynyň däl, eýsem, tutuş sebitiň halklarynyň abadan durmuşyna, ýagty geljegine gönükdirilendir.
Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ykdysady hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Önümçilik pudaklarynda hyzmatdaşlyk, serhetýaka etraplaryň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerinde, suw we energetika meselesinde, Aralyň meselelerini çözmekde tagallalaryň birikdirilmegi möhüm hasaplanylýar.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň 13-nji iýulynda Buharada geçirilen birinji Türkmen-özbek sebit forumy, Işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi ýaly çäreler taraplaryň hyzmatdaşlygy ösdürmäge örän döwtalapdyklarynyň aýdyň güwäsidir.
Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň çäklerinde eýýäm amala aşyrylan iri energetika taslamasy — Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý ugry boýunça gaz geçiriji taslamasy bar. Bu taslamalar boýunça türkmen-özbek hyzmatdaşlygy düýpli esaslandyrylandyr. Munda özbek hyzmatdaşlar bilen bilelikde energiýa serişdeleriniň iberilişini artdyrmak, olaryň üstaşyr ugurlaryny giňeltmek mümkinçilikleri içgin öwrenilýär.
Türkmen-özbek gatnaşyklarynda ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm strategik ugry hökmünde kesgitlenendir. Şol gezekki gepleşikleriň barşynda döwlet Baştutanymyz Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny tiz wagtda amala aşyrmak boýunça tagallalary artdyrmagyň möhümdigine hem ünsi çekdi. Umuman, ulag ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýada we çäkleşýän sebitlerde ösüşiň hereketlendiriji güýçleriniň biri, Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlarda üstünlikli ykdysady goşulyşmagyň hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär.
Şeýle hem taraplaryň himiýa pudagynda, awtomobil gurluşygynda, elektrotehnika, dokma we derman senagatynda, azyk senagatynda, oba hojalygynda strategik hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge mümkinçilikleri uludyr. Senagat taýdan ýakynlaşmagyň «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamak, söwda, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň kuwwatyny peýdalanmak barada gazanylan ylalaşyklar hem örän ähmiýetlidir. Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda serhetýaka Türkmen-özbek söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu merkeziň işi özara söwdanyň möçberini artdyrmaga, senagat kooperasiýasyny ösdürmäge hem-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, taryhy umumylyklar, köpasyrlyk ruhy-medeni däplerdir hoşniýetli goňşuçylyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mizemez binýady bolup durýar.
Indi 4 ýyldan gowrak wagt bäri Daşkendiň gözel künjekleriniň birine «Aşgabat» seýilgähi ýaraşyk berýär. Ak mermerli Aşgabatda «Daşkent» seýilgähiniň myhmanlara gujak açjak günleri hem gelip ýetdi. Doganlyk özbek halkynyň milli aýratynlyklary göz öňünde tutulyp gurlan bu medeni-dynç alyş zolagy türkmen paýtagtynyň görküne görk goşup, iki ýurduň arasyndaky dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkider.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, şu ýylyň noýabrynda Daşoguzda Türkmen-özbek dostluk festiwalynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Sportda, syýahatçylykda hyzmatdaşlyk etmek hem däp bolan ýörelgelerde alnyp barylýar.
Duldegşir goňşy döwletimiz Özbegistan Respublikasynda biziň milli medeniýetimize, edebiýatymyza aýratyn uly hormat bilen garalýar. Munuň şeýledigine birnäçe mysallar arkaly göz ýetirmek mümkin. Türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserleri, türkmen dessanlary ençeme ýola çap edilip, özbek okyjylaryna ýetirildi.
Akyldaryň Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Nowaýy adyndaky Dil-edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri Ergeş Açylow tarapyndan terjime edilen 800 sahypa golaý, 5 müň nusgalyk «Elingga bahş aýla» (2017) («Iliňe bagyş eýle») diýlip atlandyrylan kitaby bolsa özbek Lideri tarapyndan şol ýyl Gahryman Arkadagymyza sowgat berlipdi. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew şol kitaba ýazan giriş makalasynda: «Kim türkmen halkynyň kalbyny, ýüregini bilmek isleýän bolsa, ol hemme zatdan öňürti Magtymgulyny okamalydyr»; «Il-halkymyzyň toýlary Magtymgulusyz geçmeýär... Magtymgulynyň goşgularyna aýdylýan «Aýrylma», «Aşyk bolmuşam», «Aýryldym», «Näme sen?», «Ýatça bolmaz», «Görüň» ýaly onlarça aýdymlary özbegiň uludan-kiçä hemmesi höwes bilen diňleýär» diýip belleýär.
Häzirki wagtda Özbegistanda 190 müňden gowrak türkmeniň ýaşaýandygy, türkmen dilinde okadylýan onlarça mekdebiň bardygy, «Özbegistan» neşirýatynda türkmenler we türkmen mekdepleri üçin okuw kitaplaryny neşir edýän ýörite bölümiň işleýändigi, Ürgenç şäherindäki Türkmen-özbek dostluk öýüniň açylandygy baradaky maglumatlar özbek halkynyň bize terjimesiz hem düşnükli bolan «Arpa-bugdoý bir kuninga ýaraýdi. Sodik dostin ebediýýen ýaraýdi» diýen nakylyna berk eýerýän sadyk dostdugyna şübhe goýmaýar.
Hawa, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar ynamly ösýär. Özbek Lideriniň ýurdumyza bu gezekki resmi sapary köpýyllyk hyzmatdaşlyga täze itergi berer, sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.
Jemile PÜRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Makala www.turkmenmetbugat.gov.tm internet saýtyndan göçürlendir:
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/81559