11/06/2024
598
Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlyga ygrarlylyk
Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde okgunly ösýän döwletleriň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine uly ähmiýet berýär. Häzirki döwürde birek-birege hormat goýmak we özara ynanyşmak esasynda ýola goýulýan türkmen-koreý hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykdy. Munuň şeýledigine 2024-nji ýylyň 10-11-nji iýunynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu sapar Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2019-njy ýyldan soňky bäş ýylyň dowamynda ýurdumyza ilkinji döwlet saparydyr.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. Muňa garamazdan, däp-dessurlaryň, medeniýetiň umumylygy bilen baglanyşan halklarymyz ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda üstünlikli gatnaşyk edýärler. Geçen taryhy döwürde hem däp bolan türkmen-koreý hyzmatdaşlygy iki ýurduň mümkinçiliklerine we häzirki döwrüň meýillerine laýyklykda ileri tutulýan ugurlar boýunça yzygiderli ösdürildi. Şunda türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda döredilen Türkmen-koreý işewürlik geňeşiniň hem-de Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň işiniň uzak möhletleýin, özara bähbitli esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegi üçin möhüm gurallar bolup hyzmat edýändigini nygtamak gerek. Şeýle-de biziň ýurtlarymyz köptaraplaýyn esasda, şol sanda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» görnüşinde netijeli gatnaşyklary saklaýarlar.
2007-nji ýylda Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň, 2013-nji ýylda bolsa Seulda Türkmenistanyň ilçihanalarynyň açylmagy döwletleriň diplomatik gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ädimleriň biri boldy. Iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik ugur boýunça işjeň derejede alnyp barylýan bilelikdäki hereketleriň täze görnüşleriniň döredilendigini bellemek gerek. Şunda dostlukly gatnaşyklaryň ygtybarly esasy hökmünde iň ýokary derejedäki döwletara saparlara aýratyn orun degişlidir. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 5 — 7-nji noýabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 11 — 14-nji aprelindäki Koreýa Respublikasyna döwlet saparlary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitdi. Şunuň bilen birlikde Koreýa Respublikasynyň Prezidentleriniň 2014-nji we 2019-njy ýyllarda biziň ýurdumyza döwlet saparlary guraldy. 2022-nji ýylyň noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ýardam berýän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
Jenap Ýun Sok Ýol Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişen pursadyndan başlap Günorta Koreýany «esasy ählumumy döwlete» öwürmek maksady bilen, Ýer ýüzünde parahatçylyga hem-de gülläp ösüşe ýardam bermekde işjeň orny eýeleýär. Jenap Ýun Sok Ýoluň başlyklyk etmeginde şu ýylyň maýynda Seulda emeli aň boýunça ikinji bütindünýä sammiti, geçen hepdede bolsa «Koreýa Respublikasy — Afrika» sammiti geçirildi.
Taryh üçin gysga döwrüň içinde dünýäniň iri söwda ýurtlarynyň onlugyna girip, ykdysady taýdan ösen döwletleriň birine öwrülen Koreýa Respublikasy bilen biziň ýurdumyz ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýärler. Türkmen bazarynda öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň alyp barýan netijeli işleri munuň aýdyň mysalydyr. Koreý kompaniýalary bilen bilelikde birnäçe möhüm taslamalar, şol sanda «Galkynyş» gaz käninde tebigy gazy kükürt bilen arassalaýan zawody gurmak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny gurmak boýunça taslamalar amala aşyryldy. Şunda Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky üstünlikli ykdysady hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany hasaplanýar. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulaglarynyň aglaba bölegini Koreýa Respublikasynda öndürilen awtobuslardyr awtoulaglaryň düzýändigini gündelik durmuşymyzda görmek bolýar. Dünýä meşhur «LG» hem-de «Hyundai» koreý kompaniýalary bolsa Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz we ulag pudaklarynyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň depginli ösüşiniň diňe bir iki döwletiň ykdysady bähbitlerine esaslanman, eýsem, milli ösüşde ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň eýeleýän ornuna çuňňur düşünilmegine hem esaslanýandygy aýratyn üns çekilmeli ýagdaýdyr. Türkmenistanly talyplaryň Koreýa Respublikasynyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin zerur şertleriň döredilýändigi döwletara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer ulgama möhüm ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Ýeri gelende bellesek, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2008-nji ýyldan bäri koreý dili we edebiýaty hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar.
Ýurtlarymyzyň geografik taýdan uzak aralykda ýerleşendigine garamazdan, türkmen we koreý halklary dünýägaraýşy, medeniýeti, edebi ýörelgeleri boýunça biri-birine ýakyn bolup, umumy dil tapyşmagy başarýarlar. Iki ýurtda birek-biregiň diline, özboluşly medeniýetine uly hormat goýulýar. 2022-nji ýylyň 7-nji fewralynda — diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygynyň bellenilen gününde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň çapdan çykmagy hem munuň şeýledigini doly tassyklaýar.
Jemläp aýdanyňda, iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, maýa goýum ulgamlarynda özara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlyk hem täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de depginli ösdürmek babatda uly mümkinçiliklere eýedigini bellemelidiris. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň, gol çekilen resminamalaryň türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljekki ösüşi üçin täze gözýetimleri açjakdygy aýdyň hakykatdyr.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.