Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bilen Erkin Söwda Zolaklarynyň Sekretariatynyň Medeniýet meseleleri boýunça orunbasarynyň arasynda geçirilen duşuşyk
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • ÝUNESKO 15-nji dekabry — Türki diller maşgalasynyň Bütindünýä güni hökmünde yglan etdi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • HALYPA DIPLOMAT BILEN ÝOKARY SYNP OKUWÇYLARYŇ ARASYNDA GEÇEN TÄSIRLI DUŞUŞYK
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY» ATLY AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINIŇ V MÖWSÜMINE BADALGA BERILDI
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / TÜRKMENISTAN – ITALIÝA: ÖZARA HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞINDE TÄZE TAPGYR
    TÜRKMENISTAN – ITALIÝA: ÖZARA HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞINDE TÄZE TAPGYR surady
    10/11/2025

    41

    TÜRKMENISTAN – ITALIÝA: ÖZARA HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞINDE TÄZE TAPGYR

    «Biz Italiýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyna ýokary baha berýäris. Biz hem, öz gezegimizde, Italiýa bilen hyzmatdaşlygymyzy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýäris».

    Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow


    Italiýa Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki hyzmatdaşlyk edýän döwletleriniň biridir. Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alýan we geljege ynamly garaýan üstünlikli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. 1992-nji ýylyň 9-njy iýulynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri ýurtlarymyz özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler.

    Türkmen hem-de italýan halklarynyň gatnaşyklarynyň gadymy kökleri bardyr. Beýik Ýüpek ýoly antiki döwürde Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Parfiýa imperiýasyny Rim imperiýasy bilen baglanyşdyrypdyr. Marko Polo ýaly meşhur italýan syýahatçylary hem-de söwdagärleri öz eserlerinde türkmen topragy, medeniýeti, däp-dessurlary, meşhur ahalteke atlary we türkmen halylary barada maglumatlary galdyrypdyrlar. Şeýlelikde, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar baý taryhy binýada esaslanýar.

    Garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri türkmen-italýan hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň azyk, dokma we beýleki pudaklarynda Italiýanyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyryldy. Iki döwletiň gatnaşyklary medeni-gumanitar ulgamda hem işjeň dowam etdirilýär. 2006-njy ýylda türkmen alymlary Italiýada, Watikanda bolup, türkmen halkynyň taryhyna, medeni mirasyna dahylly golýazmalaryň ençemesiniň nusgasyny ata Watanymyza getirdiler. Italiýanyň Turin uniwersitetiniň professorlary Antonio Inwernissi, Karlo Lippolis Nusaýda ençeme ýyldan bäri arheologiýa gazuwlaryny geçirýärler. Ýeri gelende ýatlasak, Antonio Inwernissi dünýäde Parfiýa taryhyna we medeniýetine bagyşlanan ýeke-täk we ýöriteleşdirilen «Parfika» ýyllyk ylmy neşiriniň esaslandyryjysy we baş redaktorydyr. Ligabuýe uniwersitetiniň professory Gabriell Rossi-Osmida Mary welaýatynyň Ajyguýy oazisinden türkmen alabaýynyň ystyhanyny tapdy. Italýan arheologlarynyň geçiren barlaglary hakdaky ylmy makalalar «Miras» halkara žurnalynda neşir edilip, dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýetirildi.

    Italiýa Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Ykdysady hyzmatdaşlyk köpugurly häsiýete eýe bolup, özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn depginli ösüşi bilen tapawutlanýar. Ýangyç-energetika, söwda, dokma, azyk senagaty pudaklary iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hasaplanýar. 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Aşgabatda birinji türkmen-italýan biznes-forumy geçirildi. Şeýle hem Italiýanyň «Pietro Fiorentini» kompaniýasy 2009-njy ýyldan başlap «Türkmengaz» döwlet konserni bilen uglewodorod çig malyny gazyp almak boýunça öz önümlerini ibermek bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ol tebigy gazyň çykarylyşyny sazlamak, ölçemek we arassalamak boýunça ulgamlary öndürýär.

    Italiýanyň «Eni» nebit-gaz kompaniýasy hem öz gezeginde türkmen uglewodorod serişdelerini işläp bejermäge işjeň gatnaşýar. Häzirki wagtda dünýäniň 63 ýurdunda iş alyp barýan «ENI» kompaniýasy özüniň Türkmenistandaky şahamçasyny «ENI Turkmenistan Limited» ady bilen 2008-nji ýylda açdy. Ol önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama esasynda «Nebitdag» ýatagynyň çäklerinde iş alyp barýar we günde 2 müň tonnadan gowrak nebit çykarýar.

    Mundan başga-da 2014-nji ýylyň oktýabrynda açylan «Berzeňňi» mineral bejeriji suwuny öndürýän kärhanada «Korfil» italýan kompaniýasynyň tehnologiýasy ornaşdyryldy. Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda gurlan zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhana Italiýanyň «Housing», «Kansan», «Uslupak», «Fungilab» kompaniýalarynyň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryldy. Jebel şäherçesindäki Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanada hem italýan tehnologiýalary ornaşdyryldy. Bereket şäherindäki ýod önümçiligi kärhanasynda Italiýanyň Aqualine 1 «Housing» kompaniýasynyň osmos enjamy oturdyldy.

    Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky syýasy dialog ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berýär. 2009-njy, 2015-nji we 2019-njy ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň Italiýa Respublikasyna amala aşyran saparlary, 2014-nji ýylda Italiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana sapary täze taryhy eýýamda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň berk binýadyny goýdy.

    Abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Italiýa Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy, durnukly ulag, daşky gurşawy goramak hem-de parahatçylyk we ynanyşmak meseleleri boýunça BMG-de öňe sürýän köp kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýär. Munuň özi ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigine ýa-da ýakyndygyna şaýatlyk edýär. Parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryň özara goldanylmagy Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň netijeli halkara hukuga ygrarlydyklaryny görkezýär.

    «Merkezi Aziýa — Italiýa» formaty özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin netijeli platforma bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda bu formatyň birinji sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň Ýewropada esasy hyzmatdaşlaryň biri hökmünde Italiýa möhüm ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň köptaraplaýyn formatda ara alnyp maslahatlaşylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika, ulag we infrastruktura ýaly ulgamlarda mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmäge we ykdysadyýetiň pudaklaryna öňdebaryjy italýan tehnologiýalaryny hem-de maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berýär.

    2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary boldy. Hormatly Prezidentimiz Rimde Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen geçiren gepleşiklerinde türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ýokarlanýan depginini kanagatlanmak bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň potensialyna ýokary baha berdi we Türkmenistanyň şol hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge üýtgewsiz taýýardygyny tassyklady. Serjio Mattarella: «Bu duşuşyk döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň taryhynda täze möhüm baby alamatlandyrýar diýip» belledi. Italiýanyň Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hyjuwlydygyny aýdyp, Prezident şu günki gepleşikleriň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge hem-de oňa taraplaryň bähbitlerine we häzirki döwrüň ýagdaýlaryna gabat gelýän täze depgini çaýmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

    Hormatly Prezidentimiziň Italiýa resmi saparynyň dowamynda iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyny ösdürjek ylalaşyklaryň toplumyna gol çekildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň arasynda işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Italiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Italiýanyň jemgyýetçilik radio-telewideniýe kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Geljekki gümrük hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Italiýanyň gümrük we monopoliýa agentliginiň arasynda bilelikdäki Jarnama bar.

    Resmi maglumata görä, 2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky umumy söwda dolanyşygy 229 million ýewrodan gowrak boldy. Bu 2022-nji ýyldakydan 32,8 göterim köpdür. Hasabat döwründe Italiýanyň türkmen bazaryndan importy 80,17 million ýewro deň bolup, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 18,1 göterim ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan Italiýadan, takmynan, 148,83 million ýewro deň bolan haryt import etdi. Bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 42,4 göterim artykdyr.


    Myrat AMANOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Halkara hyzmatdaşlygy ilerleýär surady

    07/11/2025

    Halkara hyzmatdaşlygy ilerleýär
    ТУРКМЕНО-ИТАЛЬЯНСКИЕ ОТНОШЕНИЯ: ВЫСТУПЛЕНИЕ ГЕРОЯ АРКАДАГА И АРКАДАГЛЫ ГЕРОЯ СЕРДАРА surady

    06/11/2025

    ТУРКМЕНО-ИТАЛЬЯНСКИЕ ОТНОШЕНИЯ: ВЫСТУПЛЕНИЕ ГЕРОЯ АРКАДАГА И АРКАДАГЛЫ ГЕРОЯ СЕРДАРА
    ЗОЛОТЫЕ КОНИ: ВЕЛИЧИЕ АХАЛТЕКИНСКИХ СКАКУНОВ surady

    05/11/2025

    ЗОЛОТЫЕ КОНИ: ВЕЛИЧИЕ АХАЛТЕКИНСКИХ СКАКУНОВ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI